ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen HAMAS toparynyň başlygy Halil al-Haýýa Ysraýyl bilen urşuň gutarandygyny aýtdy diýip, “Roýters” habar berdi.
Agentlik Halil Al-Haýýanyň sözlerine salgylanyp, Ysraýyl bilen HAMAS hereketiniň arasyndaky ylalaşykda Rafa serhet geçelgesiniň iki tarapa hem açylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Şeýle-de, ylalaşyga laýyklykda, Ysraýylyň tussag edilen palestinalylaryň ählisini boşatmagy göz öňünde tutulýar: HAMAS araçylardan we ABŞ-nyň administrasiýasyndan urşuň gutarandygyny tassyklaýan kepillendirmeleri aldy.
Mundan öň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp öten agşam Ysraýyl bilen HAMAS toparynyň arasyndaky konflikti soňlamakda "düýpli öňegidişligiň" gazanylandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, ýaraşyk ylalaşygyna Müsürde gol çekiler. Trampyň öňdäki dynç günlerinde bu ýere sapar etmegine garaşylýar. Ol Gazanyň dolulygyna täzeden guruljakdygyny aýtdy.
Amerikan prezidenti Ysraýyl bilen HAMAS toparynyň arasyndaky konfliktiň Ak tam tarapyndan togtadylan sekizinji çaknyşyk bolandygyny aýtdy we rus-ukrain urşunyň hem soňlanjakdygyna umyt bildirdi.
Şu aralykda Ysraýyl hökümetiniň paratatçylyk ylalaşygynyň birinji tapgyryny tassyklandygy habar berildi. Onda Ysraýyl goşunynyň Gaza zolagyndan ylalaşylan pozisiýalara yza çekilmegi, HAMAS toparynyň bolsa 72 sagat içinde ysraýyl zamunlarynyň ählisini boşatmagy talap edilýär.