Hamas Ysraýylyň teklibiniň palestinalylaryň talaplaryny kanagatlandyrmandygyny aýdýar

Palestinalylar

Hamas, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen topar 9-njy aprel güni irden Ysraýylyň Katar we Müsür araçylary arkaly eden teklibiniň palestinaly toparlaryň hiç bir talabyna laýyk gelmeýändigini aýtdy.

Emma muňa garamazdan, topar “kabul ederliksiz” diýlip häsiýetlendirilen teklibi öwrenjekdigini we araçylar arkaly öz jogabyny berjekdigini aýtdy.

Ysraýyl we Hamas 7-nji aprelde Müsüre Kataryň we Müsüriň araçylary, ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň müdiri William Burns bilen gepleşmek üçin öz toparlaryny iberdi.