Eýran häkimiýetleri ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy urşunyň ilkinji gününde birnäçe egindeşi we maşgala agzalary bilen bilelikde öldürilen öňki ýokary lider Ali Hameneýi üçin ýörite jynaza we jaýlanyş dabaralaryna başlady. Bu onuň öldürilmeginden dört aýdan gowrak wagt geçensoň boldy.
Eýran mediasynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem Tährana gelen pursatlary görkezildi.
Eýranyň içerki habar agentlikleriniň maglumatyna görä, Hameneýiniň jesedi 3-nji iýul irden paýtagtyň esasy ybadat toplumy bolan Tähranyň Uly Mosallasyna getirildi.
Habarlarda daşary ýurt wekiliýetleriniň günüň dowamynda “Yslam respublikasynyň öňki liderine hormat goýmagyna” garaşylýandygy aýdylýar.
Eýran häkimiýetleri Hameneýi üçin “hoşlaşyk, jynaza we jaýlanyş” çärelerinden ybarat bir hepdelik maksatnama taýýarlandyklaryny aýdýarlar. Resmiler bu dabaralara “millionlarça adamyň” gatnaşmagyna umyt bildirýärler.
Hameneýi Eýrany üç onýyllykdan gowrak wagt dolandyrdy. Bu döwür köp eýranly üçin repressiýalar, gorkuzmalar, tussag etmeler we syýasy hem-de jemgyýetçilik durmuşyna girizilen berk çäklendirmeler bilen alamatlandy.
Onuň 28-nji fewralda ABŞ-Ysraýyl howa zarbalarynda ölendigi yglan edilenden soň, käbir eýranlylar bu habary aç-açan kanagatlanma bilen garşylady. Bu bolsa tussag etmelere, agyr hökümlere we käbir ýagdaýlarda ölüm jezasy bilen haýbat atylmaga getirdi.