Hemra suratlary Azerbaýjanyň Daglyk Garabaga "Beýik gaýdyp gelşiniň" hakyky ýagdaýyny açyp görkezýär

Azerbaýjanyň Daglyk Garabag sebitiniň we onuň töweregindäki ýerleriň ýakynda emeli hemra arkaly düşürilen suratlary, göçürilen ýerli ýaşaýjylar uruşdan ejir çeken territoriýa gaýdyp gelmek islemeýän bolsa-da, bu ýerde ägirt uly gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny görkezýär.

Jabraýyldaky ýaşaýyş jaý toplumlary: 2026-njy ýylyň noýabr aýynda düşürilen surat (çepde). 2021-nji ýylyň awgust aýyndaky suratda (sagda) şol bir ýer, weýran bolan jaýlary görkezýär.

Azerbaýjanyň harbylarynyň etniki ermeni güýçlerinden bu territoriýalary yzyna almaga gönükdirilen hüjümleri 2023-nji ýylda olaryň doly yzyna alynmagy bilen tamamlandy. Baku 1988-94-nji ýyllarda bolan Birinji Garabag urşy döwründe öýlerini terk etmäge mejbur bolan azerbaýjanlylar üçin "Beýik gaýdyp geliş" maksatnamasyny başlatmak üçin bu ýerleri täzeden gurmaga 15 milliard ABŞ dollary töweregi möçberde maýa goýdy.

2026-njy ýylyň awgustynda düşürilen suratda Agdam şäherinde kilometrlerçe uzynlykdaky gurluşyk işlerini görse bolýar. 2021-nji ýylyň fewralynda düşürilen ikinji suratda - Birinji Garabag urşundan öň 28000 adamyň ýaşaýan ýeri bolan - haraba öwrülen şäher görkezilýär.

"Beýik gaýdyp geliş" maksatnamasy 2026-njy ýylyň ahyryna çenli Azerbaýjanyň gözegçiligi astyna alnan territoriýalarda 140 müň ýurduň içinde göçürilen adamy (uruş sebäpli öýlerinden başga territoriýalara göçmäge mejbur bolan adamlar) ýerleşdirmegi göz öňünde tutýar. Emma bellenen möhlet golaýlaşýarka, Baku diňe 41 müň adamyň yzyna dolanandygyny habar berýär. Daşary ýurtly žurnalistleriň bu sebite özbaşdak baryp görmegi henizem kyndygy sebäpli, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu sanlary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklap bilmedi.

2025-nji ýylyň dekabrynda Fizulidäki köpgatly jaýlar. 2019-njy ýylyň noýabr aýyndaky suratda şol bir ýeriň harabalyklar bilen örtülendigini görse bolýar.

Farid Guliýew Birinji Garabag urşy sebäpli öýlerinden göçürilen birnäçe azerbaýjanly bilen söhbetdeşlik geçirdi. Dubaýdaky Amerikan uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça dosenti Bakuwyň şu ýylyň ahyryna çenli 140000 ýurduň içinde göçürilen adamy yzyna alnan territoriýalara gaýtadan getirmek maksadynyň aşa uly bolandygyny belleýär. Ol munuň sebäbini sebitde minalaryň bolmagy ýaly dowam edýän kynçylyklar, şeýle hem birnäçe sosial faktorlar bilen düşündirilýär.

2026-njy ýylyň iýul aýynda düşürilen bu suratda, Agdam etrabyndaky Garabag gerşiniň eteginde ýerleşýän Hidirli obasynda täze gurlan öýler görünýär. Bu ýer 2023-nji ýylyň awgust aýyna çenli boş durdy.

“Bu sanlar göçürilen adamlaryň durmuşynyň soňky üç onýyllykda nähili üýtgändigini doly göz öňünde tutmaýar” diýip, Guliýew Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy. “Olaryň köpüsi, esasanam ýaşlar, eýýäm Bakuwyň we beýleki şäherleriň şäher durmuşyna uýgunlaşdylar we olaryň göçmäge islegsiz bolmagy mümkin” diýip, ol sözüni üstüne goşdy.

2026-njy ýylyň awgust aýynda düşürilen suratda Azerbaýjanyň Agdam etrabynda täze gurlan obany görse bolýar. 2021-nji ýylyň noýabr aýynda düşürilen suratda şol territoriýada harabaçylykly binalar we harby haýatlar görkezilýär.

Ýakynda Daglyk Garabaga gaýdyp gelen Aýtaj Amirjanly sentýabr aýynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna beren interwýusynda gaýdyp gelen ýurduň içinde göçürilen adamlaryň köpüsiniň iş tapyp bilmeýändigi üçin ýene-de yzyna gidýändigini aýtdy.

"Bosgunlarymyzyň we ýurduň içinde göçürilen adamlarymyzyň hemmesi işsiz. Olaryň köpüsi eýýäm öýlerini gulplap, Bakuwa dolandylar" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy: "Eger men ol ýerde saçagyma iýmit goýup bilmesem, onda başga näme etmeli?"

2026-njy ýylyň maý aýynda düşürilen suratda Zangilan etrabyndaky "akylly oba" hasaplaýan Agali. 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndaky suratda, ägirt uly gurluşyk gurulmazdan öň, bu ýerde oba hojalyk ýerlerini we kiçi jaý toplumyny görse bolýar.

Mundan başga-da, Guliýewiň sözlerine görä, ýurduň içinde göçürilen adamlaryň köpüsi döwlet kömek pullaryndan, şol sanda her adam üçin takmynan 35 dollar möçberindäki aýlyk iýmit kömek pullaryndan ýüz öwürmek islemeýän bolmagy mümkin.

“Yzyna alnan territoriýalarda iş mümkinçilikleri belli däl bolmagynda galýan mahaly, gaýdyp gelmek bu kömek pullarynyň käbirini ýitirmegi aňladyp biler” diýip, ol aýtdy.

2026-njy ýylyň awgust aýynda düşürilen suratda (çepde) Daglyk Garabagyň iň uly şäheri bolan Hankendiniň daş-töwereginden geçýän ýadygärlik toplumy bolan Ýeňiş seýilgähi görkezilýär. 2020-nji ýylyň apreline degişli suratyň aşaky sag tarapynda Hankendidäki “Mukaddes hudaý ene” katedralynyň tegelek şekili görünýär. Bu hristian ýadygärligi 2026-njy ýylyň aprelinde Azerbaýjan tarapyndan ýykyldy. Hankendi ermeniler tarapyndan Stepanakert diýlip atlandyrylýar.

2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Baku harby hüjümi başladandan soň, bölünip aýrylan sebit Azerbaýjanyň gözegçiligine geçenden soň, Daglyk Garabagyň etniki ermeni ilatynyň ählisi diýen ýaly Ermenistana gaçyp gitdi. Daglyk Garabag halkara derejesinde Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýär, ýöne 2023-nji ýyla çenli ol ýerde takmynan 100 müň etniki ermeni ýaşaýardy.

2025-nji ýylyň iýulynda düşürilen suratda weýran edilen "Daşalty" obasynyň ýerinde görünýän metjit. Oba 2020-nji ýylda azerbaýjan güýçleri tarapyndan yzyna alynmazdan öň, ol ýerde taryhy ybadathana ýerleşýärdi we birnäçe etniki ermeni maşgalasy ýaşaýardy.

Yzyna gaýtarylyp alnan territoriýalarda uly möçberli gurluşyk taslamalaryndan başga-da, Azerbaýjanyň aýtmagyna görä, 1500 kilometrlik täze ýollaryň gurluşygy we bu ýerleriň takmynan 22 göteriminiň minalardan arassalanmagy bilen birlikde, Baku taryhy ybadathanalary we Hankendidäki katedraly, şeýle hem tutuş obalary ýykmak arkaly uly nägilelik döretdi.

Iň agyr wakalaryň biri hökmünde, öň "Daşalty" diýlip atlandyrylan ýaşaýyş sebitiniň 2023-nji ýylyň başlarynda düýbünden ýok edilendigini bellemek bolar. Häzirki wagtda, ermeniler tarapyndan "Karintak" ady bilen tanalan şol obanyň ýerinde metjit dur.

Daglyk Garabagdaky Şuşa şäheriniň täzeden gurlan bölegi. Bu surat 2026-njy ýylyň iýul aýynda Baku tarapyndan çap edildi.

2026-njy ýylyň başynda Hankendi şäherindäki "Mukaddes hudaý ene" katedralynyň ýykylandygy baradaky habarlara jogap hökmünde, Azerbaýjan parlamentiniň agzasy Elnara Akimowa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna beren interwýusynda Bakuwyň "döwlet syýasatynyň bir bölegi hökmünde öz territoriýasyndaky dini we taryhy ýadygärlikleri goraýandygyny we dini mirasy ýok etmek niýetiniň hiç haçan bolmandygyny" aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.