Her gün "garybrak oýanýarys": Eýranlylar ykdysady kynçylyklar bilen göreşýär

Kafelerde naharlanmak häzir köp eýranly üçin aşa gymmat boldy.

Tähranda täzelikde durmuşa çykan bir zenanyň toý dabarasyna niýetlenen puly jaý üçin öňünden edilmeli tölege harçlandy. Indi ol karzyny üzmek üçin iki smenada işleýär we ýaş çatynjalaryň köp wagty işde geçýär.

"Biziň öýümiz diňe gelip ýatýan ýerimize öwrüldi" diýip, ol Farda radiosyna, Azatlyk radiosynyň Eýran gullugyna aýtdy. "Her gün oýananymyzda, bir gün öňkimize garanda eli ýuka, garyp bolandygymyzy bilýäris."

Adynyň aýdylmazlygyny haýyş eden aýalyň beren gürrüňi ýaşaýyş çykdajylarynyň nähili ýokarlanýandygyny, maşgalalaryň azyk we ýaşaýyş jaý harajatlaryndan başlap, syýahata, daşarda naharlanmaga we geljek üçin pul tygşytlamaga çenli aralykda nämeleri nämeleri edip biljekdigini gaýtadan gözden geçirmäge mejbur bolşuny, adaty eýranlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik göreşini açyp görkezýär.

Halkara sanksiýalarynyň ýyllar boýy dowam etmegi, dowamly inflýasiýa we rial hümmetiniň yzygiderli pese gaçmagy Eýranyň ykdysadyýetine düýpli zyýan ýetirdi. Ykdysady kynçylyklar ýanwar aýyndaky protestleriň esasy sebäbi boldy, Eýran häkimiýetleri gazap bilen, ganly çäreler esasynda basyp ýatyrdy.

ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başlan urşundan bäri, infrastruktura ýeten zyýan bilen birlikde, ykdysady basyş has-da güýçlendi.

Şol bir wagt, söwda iki tarap tarapyndan hem bozuldy: ABŞ-nyň Eýranyň portlaryny deňiz gabawyna salmagy nebit eksportyny we harytlaryň importyny berk çäklendirdi we Eýranyň hüjüm edip, Hormuz bogazyny gözegçilikde saklamaga synanyşmagy gämi gatnawyny has-da kynlaşdyrdy.

ABŞ-nyň Gazna departamenti awgust aýynda, Tährany maliýe taýdan has beter izolýasiýa etmek maksady bilen, ABŞ resmileri tarapyndan "Ykdysady D güni" diýlip atlandyrylan täze sanksiýa kampaniýasyna başlady.

Bu basyşlar eýranlylaryň barha pese gaçýan satyn alyş ukybyny gowşadýan ykdysady krizisi has-da çuňlaşdyrdy.

Söwdada ileri tutulýan ugurlar üýtgeýär

Farda radiosynyň merkezi Tähranda geçiren meýdan barlagy basyşyň şahsy naharlaryň gymmatlamagyndan has uzaga ýaýraýandygyny görkezdi. Maşgalalar söwda etmekde ileri tutulýan ugurlary üýtgedýärler we iň zerur zatlaryň haýsylaryndan peýdalanmalydyklaryny saýlap-seçýärler, şol bir wagtda orta gatlagyň durmuşynyň adaty bölegi hasaplanýan işjeňlikler barha köp bir gyra taşlanýar.

Hakykatdan-da, eýranlylar hakykaty görmek üçin öz aşhana stollaryndan başga ýere ýere seretmeseler-de bolýar.

Häzirki wagtda öý şertlerinde towukly we barbarisli tagam taýýarlamak, bir ýyl ozalkysy bilen deňeşdirilende, takmynan iki esse gymmada düşýär; Eýranyň milli tagamy hasaplanýan, gök önümlerden we otlardan taýýarlanylýan hem-de tüwi bilen berilýän "gorme sabzi" naharynyň bahasy bolsa 23 million riala (8,45 ABŞ dollaryna) ýetip biler.

Kartoşkadan we ýumurtgadan taýýarlanylýan, "kuku sib zamini" diýlip atlandyrylýan ýene bir pars tagamynyň bahasy bolsa häzir takmynan 4 million riala deň.

Bir aýal Farda radiosyna maşgalasynyň häzirki wagtda etiň we towugyň köp bölegini çagalary üçin saklaýandygyny, sebäbi olaryň bedeniniň heniz ösýändigini aýtdy. Ol we onuň adamsy et önümleriniň ýerine hohut, noýba we et ornuny tutýan beýleki önümleri iýýärler. Emma olar bahalaryň dowamly ýokarlanmasynyň ahyrsoňy özlerini çaga naharlaryna goşýan et önümlerinden we towugyndan hem mahrum etmek ähtimallygyndan gorkýarlar.

Kanadadaky maglumat ygtybarlylygyny barlaýan "Factnameh" neşiriniň hasaplamalaryna görä, sentýabr aýynda bir adam üçin zerur bolan 11 sany esasy azyk önüminiň bahasy 56 million rial (20,70 ABŞ dollary) möçberinde boldy. Üç adamdan ybarat maşgala üçin bu çykdajy 168 million rialdan (61,70 ABŞ dollardan) gowrak boldy.

Şol bir wagtda, hökümet tarapyndan berilýän 10 million rial (3,67 ABŞ dollary) möçberindäki azyk talonlary bir adam üçin zerur bolan çykdajylaryň 18 göteriminden hem az bölegine ýetýär; bu görkeziji 2025-nji ýylyň dekabr aýynda takmynan 30 göterime barabar bolupdy.

Sentýabr aýynda ýyllyk inflýasiýa derejesi 89,9 göterime deň bolan we ortaça aýlyk haky 100 ABŞ dollary çemesinde çaklanýan ýurtdaky maşgalalaryň gün-güzeran ýagdaýy gün-günden agyrlaşýar.

23-nji oktýabrda Merkezi bankyň başlygy Abdolnaser Hemmati Eýran halkynyň egnine häzirki ýagdaý sebäpli düşen "agyr ýüki" boýun aldy, emma ýurduň ykdysadyýetini daşky dünýäden üzňeleşdirmek boýunça edilen synanyşyklaryň öz esasy maksadyna ýetip bilmändigini hem sözüne goşdy.

Aýda 180 million rial (66 dollar) pensiýa alýan pensioner aýal üçin bu köp zat galmaýar, sebäbi edilmeli saýlaw-seçgiler eýýäm onuň iýjek iýmitine täsir edýär.

Ol aýal, mart aýynda başlanýan Eýran ýylynyň başyndan bäri, et we beýleki esasy belok çeşmelerini öz içine alýan iýmitleriň sanyny azaltmaly bolandygyny we iýýän iýmitiniň saglygyna ýetirip biljek täsirinden howatyrlanýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, ol özüni bagtly adamlaryň biri hasaplaýandygyny aýdýar, sebäbi jaý üçin kärende tölegini tölemeli däldigini belledi.

Gündelik kynçylyklar diňe ykdysady taýdan aşaky gatlakdaky adamlary aljyratmaýar. Hatda ortaça aýlykdan köp gazanýanlara hem agram düşýär.

Günbatar Tähranda ýaşaýan orta ýaşlaryndaky erkek Farda radiosyna beren interwýusynda aýlygynyň, kärende girdejisi bilen birlikde, maşgala girdejisini bir milliard riala (367 dollar) ýetirýändigini aýtdy. Tähranda maşgalanyň ortaça aýlyk girdejisi 600 million riala (220 dollar) golaý - bu ýurtda iň ýokary görkeziji.

“Meniň gazanjym şu günüme ýätýär, ýöne ertir üçin hiç zat tygşytlap bilmeýärin” diýip, ol aýtdy. “Syýahat we daşarda naharlanmak bilen birlikde, pul tygşytlamak hem ýat boldy”.

Tähranda ýaşaýan 28 ýaşly aýal üçin aýda alýan 400 million rial (147 dollar) girdejisi onuň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny üýtgetmeli bolýandygyny aňladýar. Dost-ýarlary bilen kafelere gidenlerinde, käte çykdajylary paýlaşmak üçin, olar her iki adama bir nahar sargyt edýärler.

Ol özleriniň öň her hepde kafelere gidip, şol ýerde naharlandygyny aýtdy. Häzirki wagtda naharlary paýlaşmak, ýagny beleleşip bir tagam almak daşarda naharlanmagy elýeterli etmegiň ýeke-täk usuly bolup durýar.