Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi prezident Wolodymyr Zelenski bilen iki ýarym ýyl mundan öň, Russiýanyň Ukraina sebäpsiz, uly goşun sürmegi netijesinde ýüze çykan urşa parahatçylykly çözgüt tapmagyň ýollary barada gepleşmek üçin, taryhy sapar bilen, Kiýewe geldi.
"Şu gün irden Kiýew şäherine geldik. Hindi jemgyýetçiligi mähirli garşy aldy" diýip, Modi X platformasynda Ukrainadaky hindi jemgyýetiniň agzalary bilen duşuşanda düşen birnäçe suratyny ýerleşdirende ýazdy.
Ukrzaliznycja, Ukrainanyň döwlet demirýol kompaniýasy biraz öň Telegramda Modiniň Polşadan otly bilen gelenini görkezýänwideo ýerleşdirdi.
"Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda Hindistanyň premýer-ministri Ukraina ilkinji gezek sapar edýär" diýip, wideonyň ýany bilen çap edilen hatda aýdylýar. .
Modi 22-nji awgustda, Ukraina gelmezinden öň, Polşada çykyş edip, Moskwany we Kiýewi “mümkin boldugyça çalt wagtda” parahatçylyk ýoluny tapmaga çagyrdy.
"Dowam edýän Ukraina konfliktini parahatçylyk esasynda çözmek babatdaky perspektiwalary paýlaşmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" diýip, Modi Warşawada aýtdy. "Dost we hyzmatdaş hökmünde, biz bu sebitdäki parahatçylygyň we durnuklylygyň basymrak yzyna gaýdyp gelmegine umyt baglaýarys" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Modiniň sapary hindi lideriniň Kiýewe bu ýurtlar 30 ýyl gowrak mundan ozal ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýaly bäri edilýän ilkinji sapar bolup durýar. Şeýle-de, ol "Hindistan-Ukraina dostlugyny çuňlaşdyrmak" meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
"Hindistan hiç bir meseläni söweş meýdanynda çözüp bolmajakdygyna berk ynanýar" diýip, Modi öz ýurdunyň "parahatçylygy we durnuklylygy mümkin boldugyça çalt dikeltmek üçin gepleşikleri we diplomatiýany goldaýandygyny" hem sözüne goşdy.
Geçen aý, ol Moskwada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşanyndan soň, Hindistan käbir günbatar ýurtlary tarapyndan berk tankyt edildi. Onuň Moskwa eden sapary rus goşunlarynyň Kiýewdäki çagalar hassahanasyna raketa zarbasyny uran wagtyna gabat geldi. Bu hüjüm halkara derejesinde berk ýazgaryldy.
Modiniň Russiýa eden iki günlük sapary hususan-da Birleşen Ştatlary alada goýdy, sebäbi Waşington Nýu-Delä güýçlenýän Hytaýy saklamak babatyndaky strategiýasynyň möhüm sütüni hökmünde seredýär.
Zelenski şonda Modiniň sapary barada berk sözleri ulanyp, "şeýle günde dünýäniň iň uly demokratiýasynyň lideriniň Moskwada dünýäniň iň ganojak jenaýatçysyny gujaklanyny görmek ägirt uly lapykeçlik we parahatçylyk tagallalaryna urlan agyr zarba" diýdi.
Zelenskiniň prezident kömekçisi Mihaýlo Podolýak "Roýters" habar gullugyna beren düşündirişinde Modiniň Kiýewe edýän saparynyň möhümdigini, sebäbi Nýu-Deliniň Moskwa “hakykatdan hem belli bir derejede täsiriniň bardygyny” aýtdy.
"Bu hili ýurtlar bilen aradaky gatnaşyklary netijeli gurmak, olara urşuň dogry-düzüw soňlanmagynyň nämedigini we munuň olaryň öz bähbitlerine hem gabat gelýändigini düşündirmek adatdan daşary möhüm bolup durýar" diýip, Podolýak aýtdy.