HJK Täjigistandan Putini tussag etmändigi üçin düşündiriş bermegini soraýar

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon. Arhiw suraty

Halkara Jenaýat kazyýetiniň (HJK) deslapky kazyýet palatasy täjik häkimiýetlerini Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini Duşenbä gelende tussag etmekden we HJK-e tabşyrmakdan ýüz öwürmekleri bilen bagly düşündiriş bermäge çagyrdy.

Putin Täjigistana 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda sapar etdi. HJK rus prezidentini tussag etmek baradaky talaby täjik häkimiýetlerine 5-nji noýabrda iberipdir, ýöne onuň jikme-jiklikleri häzir belli bolýar.

Halkara Jenaýat kazyýeti Putiniň tussag edilmegi baradaky buýrugyň 2023-nji ýylyň 17-nji martynda, Ukrainadaky uruş jenaýatlary bilen baglanyşykly çykarylandygyny ýatlatdy.

Kazyýetiň müdirligi şol ýylyň aprelinde Rim Statutyna gatnaşyjy döwletleriň ählisine, şol sanda Täjigistana rus lideriniň tussag edilmegini sorap, talap hatlaryny iberdi.

Halkara Jenaýat kazyýyýetiniň çap eden beýanatynda Duşenbäniň 2023-nji ýylyň maý aýynda şeýle haýyşnamany alandygyny tassyklandygy, ýöne 2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Kazyýete ony ýerine ýetirmegiň mümkin däldigi barada habar edendigi bellenýär.

Respublikanyň häkimiýetleri Orsýetiň Rim Statutyna gatnaşyjy däldigine we Moskwa bilen ýokary derejeli resmileriň eldegrilmezligini üpjün edýän ikitaraplaýyn ylalaşyga salgylandylar.

Şol bir wagt, Duşenbe öz pozisiýasyna kazyýet bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürmek hökmünde seretmeýändigini öňe sürdi.

Häzir Palata Täjigistanyň hyzmatdaşlyk etmeýändigini ykrar etmek mümkinçiligine we bu ýagdaýy HJK gatnaşyjy döwletleriň Assambleýasynyň garamagyna bermek meslesine seredýär.