Hodorkowski: Kiýew Günbatara 'Gyzyl çyzyklaryň ýokdugyny' görkezmek isleýär

Mihail Hodorkowski (sagda)

Ukrainanyň harby güýçleri Russiýanyň günbatar Kursk sebitine duýdansyz çozaly bäri üç hepde töweregi wagt geçen hem bolsa, bu operasiýa "urşuň möhüm elementi" bolmagynda galýar" diýip, öňdebaryjy rus oppozisioneri Mihail Hodorkowski “Häzirki zaman” neşirine aýtdy.

Russiýanyň çägindäki operasiýa, Ukrainada birnäçe ýyl bäri dowam eden söweşlerden soň, Ukraina üçin ahlak goldawy bolmak bilen bir hatarda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň içerki goldawyna hem zarba urdy diýip, Hodorkowski 1-nji sentýabrda Pragada geçirilen Globsec halkara howpsuzlyk konferensiýasynyň çäginde aýtdy.

"Rus döwletiniň bu ýerde kyn ýagdaýda galan adamlara berýän kömegi düýpden ýeterlik däl" diýip, Hodowkowski aýtdy we rus jemgyýetiniň aglaba böleginiň Kurs hüjümine harby çäre däl-de, eýsem, “tebigy betbagtçylyk” hökmünde seredýändigini sözüne goşdy.

"Putiniň beren 10 000 rubly [110 dollar] diňe adamlaryň ýüzüne tüýkürmek. Halk köpçüligi muňa şeýle hem düşünýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Hodorkowskiniň pikiriçe, bu reaksiýa rus hökümetiniň ukrain urşy üçin täze goşun toplamagyny syýasy taýdan öňküsinden hem töwekgelçilikli edýär.

"Putin urşy milli tagallalara öwürmek kararyna gelmekden gorkýar" diýip, ol aýtdy.

Putiniň hökümeti "uruş argynlygynyň" döremeginiň öňüni almak üçin, metbugat serişdelerinden peýdalanyp, “ol ýerde uruş ýok” diýip, giň jemgyýetçiligi ynandyrmaga çalyşdy.

"Ol uruş bar diýen duýgyny döreden badyna, sagat zaňyny urmaga başlar" diýip, oppozisioner aýtdy. Ýörite harby operasiýanyň eýýäm birnäçe wagt bäri dowam edýändigini nazara alsaňyz, sagatda näçe wagt galdy, biz muny bilemzok" diýip, Hodorkowski sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukraina üçin bu çozuş Kiýewiň günbatar hyzmatdaşlaryna Russiýa garşy hüjüm operasiýalary babatynda "gyzyl çyzyklary" döretmegiň manysynyň ýokdugyny ynandyrmak üçin edilýän tagallalaryň bir bölegi bolup durýar.

"Bu düşnükli zat, ähli ýurtlardaky býurokratiýalar, hususan-da Birleşen Ştatlardaky býrokratiýa gaty gorkak" diýip, Hodorkowski aýtdy. "Olara gyzyl çyzyklaryň ýokdugyny ýa-da iň bolmanda bu ýerde ýokdugyny subut etmek gerek. Bu ädim [günbatar] býurokratiýalaryny, entek muny görkezmeseler-de, gaty gaharlandyrdy. Ýöne muny gowy gör ýa-da erbet gör, olara býurokratlaryň bar diýip pikir edýän gyzyl çyzyklarynyň ýokdugy, bu ýerde ýagdaýyň beýle däldigi görkezildi. Bu çozuşy örän möhüm edýär” diýip, Hodorkowski aýtdy.

61 ýaşly Hodorkowski bir wagtlar Russiýanyň iň baý adamydy. Ol 2003-nji ýylda, goldawçylarynyň aýtmaklaryna görä, syýasy işjeňligi üçin jezalandyrmak we telekeçilik emlägini Putine ýakyn şahsyýetlere geçirmegi ýeňilleşdirmek üçin galplyk aýyplamalarynda aýyplanyp, tussag edilii. Ol 2005-nji ýylda dokuz ýyl azatlykdan mahrum edildi. Emma muňa garamazdan, Putin 2013-nji ýylyň dekabrynda onuň günäsini geçdi we ýurtdan çykmagyna şert döretdi.

Şondan bäri ol Londonda ýaşaýar we rus oppozisiýa başlangyçlarynyň birnäçesine maliýe goldawyny berdi.

Rus hökümeti 2022-nji ýylyň maý aýynda ony "daşary ýurt agenti" diýip yglan etdi.

2023-nji ýylyň aprelinde Hodorkowski Russiýanyň Demokratik Güýçleriniň Jarnamasyna gol çekip, bosgunlykda Putiniň hökümetini "bikanun we jenaýatçy" diýip yglan eden hem-de rus goşunlarynyň Ukrainadaky "basyp alan ýerleriniň ählisinden" çykmagyny talap edýän görnükli rus oppozisionerleriniň biri boldy.