Hökümete garşy protestçiler Netanýahuyň işden çekilmegine çagyrýarlar

Arhiw suraty

Oppozisiýanyň premýer-ministr Benýamin Netanýahuyň işden gyrakladylmagy ugrunda edýän tagallalarynyň arasynda, hökümete garşy protestçiler 17-nji iýunda Iýerusalimde toplanyp, täze saýlawlaryň geçirilmegine çagyrdylar.

Müňlerçe adamdan ybarat mähelle Ysraýylyň parlament binasynyň daşynda ýygnanyp, Netanýahuyň şäherdäki hususy jaýyna tarap ýöriş geçirmegi meýilleşdirdi.

Netanýahuyň uruş döwründäki agzybirlik hökümeti bir hepde öň, iki merkezçi, öňki generallar Benni Gantz we Gadi Eisenkot işinden çekilende dargady.

Netanýahu häzirki wagtda aşa prawoslaw we öte sagçy hyzmatdaşlara garaşly bolup galýar, olaryň berk liniýaly gün tertibi ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas toparynyň 7-nji oktýabrda eden hüjümi Gazada başlanan urşa getirmezinden ozal hem gaty kyn düşünişmezligiň döremegine sebäp boldy.