Hollandiýanyň Ýokary kazyýeti Krym muzeýlerinden alnan skif altynlarynyň kolleksiýasyny Ukraina geçirmek kararyny tassyklady diýip, "Hogeraad” neşiri habar berýär.
Ýokary kazyýetiň karary skif altynlary üstünde 2014-nji ýyldan bäri dowam edýän konflikti soňlady. Amsterdamdaky Allard Pearson muzeýi indi bu sungat gymmatlyklaryny Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krymyň muzeýlerine däl-de, ukrain döwletin geçirmeli.
2014-nji ýylyň fewral aýyndan awgust aýyna çenli Amsterdamda "Krym - Gara deňziň altyny we syrlary" atly sergi geçirildi. Krym ýarymadasyny anneksiýa edeninden soň, Russiýa kolleksiýanyň yzyna gaýtarylmagyny talap etdi, emma Ukraina beýle edilmegine garşy çykdy.
Däp bolan muzeý tejribesinde eksponatlar adatça ozal saklanan muzeýlerine gaýtarylýar. Emma muňa garamazdan, Ukrainanyň Medeniýet ministrligi altynlary Krym muzeýlerinden gaýybana ýagdaýda alyp, olary Kiýewiň Ukrainanyň taryhy muzeýine geçirdi.
Amsterdamyň etrap kazyýeti 2016-njy ýylyň dekabrynda Krym Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmezinden ozal ýerli muzeýe getirilen kolleksiýanyň Ukraina degişlidigini aýdyp, karar çykardy. Krym muzeýleriniň bu karardan eden şikaýatyna seretmek bäş ýyl çemesi dowam etdi.
Amsterdamdaky Şikaýat kazyýeti 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda bu karary goldady we Hollandiýanyň Ýokary kazyýetine iberdi.
Russiýanyň Krym administrasiýasynyň başlygy Sergeý Aksýonow Şikaýat kazyýetiniň kararyny "talaňçylyk" diýip atlandyrdy. Russiýanyň Daşary işler ministrligi bu karary syýasy maksatly hasaplady.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski şonda bu karardan hoşaldygyny aýtdy. “Biz elmydama öz zadymyzy yzyna gaýtaryp alýarys. "Skif altynlaryny" yzyna gaýtaryp aldyk, Krymy hem yzyna gaýtaryp alarys" diýip, ol ýazdy.