ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýrana garşy howa zarbalarynyň özüniň “ýeterlik” diýýänçä dowam etjekdigini aýtdy. Bu Tähran bilen Waşingtonyň Hormuz bogazyna gözegçilik etmek ugrunda hüjümleri güýçlendirýän döwrüne gabat geldi. Birleşen Milletler Guramasy bu ýagdaýy sebitdäki parahat ilat üçin “ägirt uly yza gaýdyş” diýip häsiýetlendirdi.
Tramp 14-nji iýulda Fox News telekanalyna beren interwýusynda ABŞ-nyň gepleşikçileriniň şol gün Tähran bilen gepleşik geçirendigini aýtdy we Eýran resmilerini urşy bes etmek barada ylalaşyga gelmäge ýene bir gezek çagyrdy.
Interwýuda ABŞ-nyň zarbalarynyň näçe wagt dowam etjekdigi soralanda, Tramp: “Olar men ‘ýeterlik’ diýýänçäm dowam eder” diýip jogap berdi.
Ol Tähran ylalaşyga gelmese, ABŞ harbylarynyň nyşana aljak desgalarynyň geriminiň giňeldiljekdigini hem duýdurdy.
“Geljek hepde olar üçin ýagdaý hakykatdanam erbetleşer, sebäbi geljek hepde elektrik stansiýalarynyň, köprüleriň nobaty geler” diýip, Tramp aýtdy.
“Biz olaryň ähli elektrik stansiýalaryny hatardan çykararys. Biz olaryň ähli köprülerini ýykarys, eger-de olar gepleşik stoluna geçip, ylalaşyk barada gepleşik geçirmese.”
Yzly-yzyna dördünji gün dowam eden howa zarbalarynyň dowamynda Eýranyň günortasyndaky birnäçe şäherde partlamalar bolup geçýärkä, Eýran goňşy Aýlag ýurtlaryna, şol sanda Iordaniýa, Bahreýn we Kuweýte raketalar atdy.
Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrligi Eýranyň birnäçe arap ýurduna eden hüjümlerini “berk ýazgardy” we Tährany “bu gazaply hüjümleri dowam etdirmegiň netijeleri üçin” jogapkär hasaplady.
Geçen aý iki tarapa giň gerimli parahatçylyk ylalaşygy boýunça gepleşik geçirmek üçin 60 gün bermäge niýetlenen özara düşünişmek memorandumynyň dargamagyndan soň, söweşleriň esasy bölegi energiýa serişdeleri we sarp ediş harytlary üçin dünýäniň möhüm üstaşyr ýollarynyň biri bolan Hormuz bogazynyň töwereginde jemlendi.
Tramp bir gün öň ABŞ harbylarynyň gözegçiligi astynda Hormuz bogazyndan geçirilýän ýüklerden 20 göterim töleg aljakdygyny aýdyp haýbat atypdy. Emma 14-nji iýulda ol Eýranyň gämi gatnawyna garşy gabawy saklamak bilen, bu tölegi Pars aýlagynyň döwletleri bilen söwda we maýa goýum ylalaşyklary bilen çalyşmagy teklip etdi.
“Ýakyn Gündogaryň ýolbaşçylary bilen örän netijeli gepleşikleriň esasynda men ABŞ-a dürli Aýlag döwletleriniň goýjak söwda we maýa goýumlary bilen Birleşen Ştatlaryň 20 göterimlik öwezini doluş tölegini çalyşmak kararyna geldim” diýip, Tramp Truth Social platformasynda ýazdy.
Ol Aýlag hökümetleriniň haýsydyr bir borçnamasy barada jikme-jik maglumat bermedi, ýöne maýa goýumlaryň “ÖRÄN ULY” boljakdygyny aýtdy.
ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) Eýranyň portlaryna girýän we olardan çykýan deňiz gatnawyna garşy gabawyň 14-nji iýulda ABŞ-nyň gündogar wagty bilen sagat 16:00-dan başlap gaýtadan güýje girizilendigini aýtdy.
“CENTCOM güýçleri Eýranyň portlaryna we kenarýaka sebitlerine barýan ýa-da olardan çykýan gämilere garşy gabawy ýerine ýetirer. ABŞ harbylary gabawy bozmaýan ähli gämileriň sebitdäki suwlar arkaly hereketini goldamagyny dowam etdirýär” diýlip, CENTCOM-yň beýanatynda aýdylýar.
Bu zarbalar taraplaryň parahatçylyk ylalaşygy boýunça gepleşik geçirmeginiň şertlerini kesgitlän we geçen aý gol çekilen ylalaşygyň dargap barýandygynyň soňky alamatydyr.
Tramp dynç günlerinde Birleşen Ştatlaryň Eýran bilen ýene uruş ýagdaýyndadygy barada Kongrese habar berdi. Bu bolsa onuň kanun çykaryjylaryň resmi razylygyny almazdan harby zarbalary buýrup biljek 60 günlük möhletiniň başlanandygyny aňladýar.
ABŞ-nyň Maliýe ministrligi 14-nji iýulda Eýranyň sanksiýalardan sowlup geçýän ulgamy diýip atlandyrýan düzümine basyşy güýçlendirmek üçin birnäçe çäräni yglan etdi. Bu çäreler aýratyn-da, Waşingtonyň aýtmagyna görä, Tähranyň nebit eksportynyň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolmagynda galýan, şol bir wagtda global konteýner daşamalaryna we haryt söwdasyna işini giňeldýän Mohammad Hossein Şamkhanini nyşana aldy.
Umuman, bu çäreler Waşingtonyň aýtmagyna görä, Şamkhanä we Eýran režimine “Eýran halky öz hökümetiniň döreden ykdysady agyrlygynyň astynda galmagyny dowam etdirýärkä girdeji gazanmagy” üpjün edýän 50-den gowrak şahsyýeti, guramany we gämini öz içine alýar.
BMG-niň adam hukuklary boýunça ýokary komissary Wolker Türk 14-nji iýulyň giçki wagtynda ýaýradan beýanatynda sebitde çaknyşyklaryň gaýtadan başlanmagynyň parahat ilat üçin “örän uly howplary” döredýändigini aýtdy.
Eýran Hormuz bogazyndaky halkara gämi gatnawyna haýbat atyp we hüjüm edip, deňiz gatnawyny tas doly togtatdy. Bu Tährana Pars aýlagyndaky goňşularyna we dünýä ykdysadyýetine täsir etmek üçin uly mümkinçilik berdi hem-de bogazy konfliktiň esasy söweş meýdanlarynyň birine öwürdi.
Eýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusy (YRGK) bogaz arkaly kadaly gämi gatnawyny dikeltmegiň ýeke-täk ýolunyň ABŞ-nyň bu suw ýolundaky harby goşulyşmagyny bes etmekdigini aýtdy.