HRW: Gazagystanda žurnalistika we söz azatlygy ýokarlanýan howp astynda

Orda.kz habar merkeziniň girelgesiniň öňünde duran polisiýa işgärleri. Almaty, 2025-nji ýylyň 1-nji dekabry

Adam hukuklaryny goraýan dokuz guramadan ybarat koalisiýa soňky hepdelerde gazak häkimiýetleriniň garaşsyz žurnalistlere we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine edilýän basyşy güýçlendirendigini aýtdy diýip, “Human Rights Watch” guramasy habar berýär.

Bu koalisiýanyň düzümine “Halkara günä geçiş” guramasy, Raýat hukuklaryny goraýjylar, “Crude Accountability”, Ewraziýa üçin azatlyk, Gazagystanyň adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy boýunça halkara býurosy, Helsinki adam hukuklary gaznasy, “Human Rights Watch”, Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlyk we Norwegiýanyň Helsinki komiteti girýär.

“Astana adam hukuklaryny we raýat azatlyklaryny goramak üçin möhüm bolan söz azatlygyna we garaşsyz žurnalistika garşy basyşlaryny bes etmeli” diýip, “Amnesty International” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça barlagçysy Meýsi Weýçerding aýtdy.

“Gazagystan metbugat azatlygyna we maglumat elýeterliligine bolan hukugy hormatlamaly we üpjün etmeli” diýip, guramalaryň bilelikde çap eden beýanatynda aýdylýar.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, "Orda.kz" saýtynyň esaslandyryjysy we baş redaktory Gülnara Bažkenowa 1-nji dekabrda öýünde we redaksiýasynda geçirilen gözleg, agtaryş işlerinden soň öý tussaglygyna höküm edildi.

Degişli maglumat "Orda.kz" saýtynyň esaslandyryjysy Bažkenowa öý tussaglygyna höküm edildi