HRW: Russiýanyň sebäpsiz çozuşy ukrian çagalaryny bilimden kesýär

Onlaýn sapaklaryna gatnaşýan çagalar

Russiýa Ukrainanyň raýat nyşanalaryna iki sany raketa zarbasyny urdy diýip, ukrain goşunynyň baş ştaby 9-njy noýabr güni irden, Dnipropetrowsk, Kirowohrad, Herson we Mykolaýw sebitlerinde howa hüjümi duýduryşlarynyň yglan edilen wagtynda, goşmaça detallary açman aýtdy.

Ukrainanyň Dnipropetrowsk sebitiniň gubernatory Serhiý Lysak ruslaryň atan bir raketasynyň sebitiň asmanynda, Ukrainanyň howa goragy tarapyndan urlandygyny aýtdy. Soňky zarbalar Ukrainanyň gündogarynda we günorta-gündogarynda edilen rus hüjümleri azyndan bäş parahat ýaşaýjynyň ölümine sebäp bolanyndan bir gün soň uruldy.

Şeýle-de, rus goşunlarynyň 8-nji noýabrda atan raketasy Odesa portuna gelip giren raýat gämisiniň sürüjisini öldürdi, ol gämide Liberiýanyň baýdagy galgaýardy diýip, Ukrainanyň günorta serkerdeligi aýtdy.

Gämi ekipažynyň beýleki üç agzasy, ählisi filippin raýaty we portuň bir işgäri ýaralandy diýip, serkerdelik ýaraly ekipaž agzalarynyň biriniň hassahana ýerleşdirendigini habar berdi.

Şu aralykda Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunyň çagalaryň abadançylygyna we bilimine ýetiren uly täsiri baradaky hasabat çap edildi.

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasynyň 9-njy noýabrda çap eden hasabatynda we wideosynda aýdylmagyna görä, bu uruşda müňlerçe mekdep we çagalar bagy weýran edildi, millionlarça ýaş adam bilim almak mümkinçiliginden kesildi.

71 sahypalyk hasabat “Çagalar meýdançasyndaky tanklar” diýlip atlandyrylypdyr we onda, ukrain hökümetiniň beren sanlaryna salgylanyp, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Ukraina sebäpsiz we bikanun çozmagy bilen başlanan urşuň dowamynda 3790 okuw jaýynyň weýran edilendigi ýa-da zyýan görendigi aýdylýar.

Ukrainanyň esasan Kiýew, Harkow, Çernihiw we Mykolaýiw sebitlerine gönükdirilen hasabatda mekdepleriň we çagalar baglarynyň howa zarbalary, top oklary we hatda klaster bombalary bilen nyşana alnandygy aýdylýar.

Klaster bombalary, parahat ilata ýetirýän weýran ediji täsirleri sebäpli, 112 ýurt tarapyndan gadagan edilen ok-därileriň sanawyna girýär.

Mundan başga, HRW guramasynyň hasabatynda rus goşunlarynyň gözegçiligi astynda galýan ukrain bilim edaralarynyň yzygiderli ýagdaýda talanandygy aýdylýar we bu hili ogurlyk uruş jenaýaty hasaplanýar.

"Ukrain çagalary bu uruşda örän uly zyýan çekdiler, sebäbi bilime edilýän hüjümler olaryň geljegine edilýän hüjümler boldy" diýip, Adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramanyň wekili Hugh Williamson aýtdy.

"Halkara jemgyýetçiligi Ukrainadaky mekdepleriň zaýalanmagyny we ýumrulmagyny, rus goşunlarynyň mekdepleri talamagyny ýazgarmaly" diýip, Williamson hasabat çap edileninden soň eden çykyşynda aýtdy.

90 çemesi mekdep resmisi, ýerli resmiler, harby operasiýalara şaýat bolan adamlar bilen söhbetdeş bolan gurama ýurduň dört sebitinde ýerleşýän 50 bilim edarasynda ýüze çykaran ýagdaýlaryny dokumentleşdirdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, rus goşunlary tarapyndan basylyp alnan bilim edaralarynyň tasdan ähli zady, kompýuterler, telewizorlar, interaktiw tagtalar we hatda naharhana ulgamlary hem goparylyp alyndy, talap bolmajak zatlar bolsa, yzygiderli ýok edildi, diwarlarda ukrainalylara gönükdirilen ýigrençli suratlar, ýazgylar galdyryldy.

"Dünýäniň köp ýurdy, şol sanda Ýewropa Bileleşigi we NATO agzalary bilimi hüjümden goramak wadasyny berdi we olar Ukrainanyň bu maksada ýetmegine kömek etmeli, urşa garmazdan, bu aýgytly hukuk goralmaly" diýip, Williamson aýtdy.

Şeýle-de, hasabatda halkara donorlarynyň we gumanitar guramalaryň ukrain hökümetiniň mekdepleri mümkin boldugyça çalt täzeden gurmak barada edýän tagallalaryna goldaw bermegi üçin çagyryş edilýär.