Hytaý raýatlygyndan çykmak kyn: Sinszýandaky gazak maşgalasynyň gyzy Gazagystanda resminama alyp bilmeýär

Bezeg suraty

Hytaýda doglan etniki gazak gyzy Raýana ene-atasy bilen Gazagystanda ýaşaýar, emma resminamalara görä, ol olaryň gyzy däl. Onuň dogluş hakyndaky şahadatnamasynda «ene» we «ata» diýen bölümlerde başga garyndaşlarynyň atlary görkezilen. Raýananyň hakyky kakasy Abiir Dalelhan Gazagystanda DNK barlagynyň üsti bilen atalygyny subut etmäge synanyşýar. Garyndaşlyk gatnaşyklaryny tassyklaýan resmi dokumentleriň ýoklugy sebäpli gyz Gazagystanyň raýatlygyny alyp bilmeýär. Kakasy gyzynyň resminamasynyň möhleti gutarandan soň onuň Hytaýa deportasiýa edilmeginden howatyrlanýar.

2023-nji ýylda Hytaýyň Sinszýan welaýatynda gazaklara edilýän basyşlar meselesini gozgaýan «Atažurt» guramasy täsirli bir wideo ýaýratdy. Wideoda bir erkek adam gyzyny gujaklap aglaýardy. Kakasy Abiir Dalelhan şol wagt ýedi ýaşly Raýana bilen alty ýyl aýralykdan soň duşuşypdy. Maşgalanyň gaýtadan birleşmegi «Atažurt» guramasynyň kömegi bilen mümkin boldy.

Üç ýyl geçse-de, Abiir henizem Gazagystanyň döwlet edaralarynda Raýananyň öz gyzydygyny subut edip bilmeýär. Şol sebäpli hem gyza raýatlyk resmileşdirilmeýär.

Resminamalar bilen bagly meseleler

Öň maşgalada ýüze çykan käbir ýagdaýlar sebäpli gyzyň dokumentlerini resmileşdirmek mümkin bolmaýar.

Hytaýda doglan Abiir Dalelhan 2009-njy ýylda Hytaýda nikalaşdy. Soňra aýaly bilen Gazagystana göçüp, ikisi hem Gazagystanyň raýatlygyny aldy. Emma olaryň maşgala durmuşy şowly bolmady we är-aýal aýrylyşdy.

2015-nji ýylda Abiir Hytaýa gitdi. Ol ýerde öýlenmek islän başga bir zenana duşdy. Emma Hytaýyň nikany bellige alyş edaralary maglumatlar bazasynda onuň ozalky nikasynyň bozulandygy barada maglumat ýokdugyny aýtdy. Şonuň üçin onuň öňki aýaly Hytaýa gelip, bu maglumatlary tassyklamalydy. Gazagystanda berlen aýrylyşmak hakyndaky kepilnama Hytaýda kabul edilmedi. Şol sebäpli Abiir bilen onuň täze aýaly gatnaşyklaryny resmi taýdan bellige alyp bilmediler. Aýaly göwreli bolanda bolsa maşgala täze kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

«Çaga dogurjak wagty golaýlanda örän köp mesele boldy. Çaga dogrulýan öýe ýerleşmek gerekdi, emma bizden nikalaşandygy baradaky şahadatnama talap etdiler. Şahadatnamany görkezmesek, abort etdiriljekdigini aýtdylar. Çagany halas etmek üçin men kiçi inim bilen onuň aýalynyň nikalaşandygy baradaky şahadatnamasyny, inim bilen gelnimiziň resminamalaryny berdik. Şeýdip, çaga dogurmak üçin hassahana ýerleşip bildik» diýip, Abiir gürrüň berýär.

Şonuň üçin Abiiriň gyzynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynda kakasy hökmünde onuň kiçi inisi, ejesi hökmünde bolsa gelni görkezildi.

Abiir Dalelhan maşgalasy bilen Almaty welaýatynda ýaşaýar. 2026-njy ýylyň 4-nji sentýabry.

Maşgala resminamalardaky maglumatlary entek Hytaýda wagty düzetmäge hem synanyşypdy.

Abiiriň aýtmagyna görä, olar Sinszýanda DNK barlagyny geçirip, netijelerini döwlet edaralaryna ugratdylar. Emma ol ýerden ýene-de nikalaşandygy baradaky şahadatnama talap edildi we şol resminamasyz maglumatlaryň üýtgedilip bilinmejekdigi aýdyldy.

Mesele uzaga çekdi. 2017-nji ýylda Abiir Dalelhan Gazagystana gitdi. Aýaly bolsa resminamalar meselesini çözmek üçin Hytaýda galdy. Emma muny başarmady. 2019-njy ýylda Raýanany atasynyň we enesiniň ýanynda goýup, özi hem adamsynyň ýanyna Gazagystana geldi.

Abiir bilen aýaly maşgalany birleşdirmäge kömek etmeklerini haýyş edip, halkara guramalaryna ýüz tutdular.

«Gyzymy örän küýsedim. Ony alty ýyl görmedim. Gyzymyň ykbaly meni alada goýýar. Ol Hytaýda başga adamlaryň arasynda ýaşaýar, çaga ýüregi gynançdan doly. Ol: “Ejem bilen kakam haçan geler?” diýip soraýar» diýip, Abiir 2023-nji ýylda çap edilen wideoda aýdypdy.

Onuň sözlerine görä, hut şol wideodan soň halkara guramalary we aktiwistler oňa kömek elini uzatdylar we gyzyny Gazagystana getirmek başartdy.

«Şol wagt bu wideo ýaýramadyk bolsa, bize resminama-da, wiza-da berilmezdi. Urumçide wiza taýýarladylar, çagany serhede getirdiler. Serikžan Bilaşyň (ol häzir ABŞ-da ýaşaýan “Atažurt” guramasynyň esaslandyryjysy) adamlarynyň kömegi bilen gyzymyza gowuşdyk. Bu 2023-nji ýylyň 12-nji aprelinde boldy» diýip, Abiir gürrüň berýär.

Abiir Dalelhan gyzy üçin ýygnan resminamalaryny görkezýär.

Gazagystandaky kynçylyklar

Üç ýyl geçenden soň hem Raýana Hytaý pasporty bilen ýaşaýar. Abiiriň aýtmagyna görä, Raýananyň Hytaýdaky çaga dogrulýan öýde berlen dogluş hakyndaky şahadatnamasy serhetden geçilende serhetçileriň elinde galypdyr.

Gazagystanyň resminamalarynyň ýoklugy birnäçe kynçylygy döredýär. Gyzy mekdebe ýerleşdirmek aňsat bolmady. Obadaky mekdep DNK barlagynyň netijelerini göz öňünde tutup, Raýanany okuwa kabul etdi. Poliklinika ýüz tutulanda hem kynçylyklar ýüze çykýar.

Ýurtdaky esasy adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň biri bolan Gazagystanyň Adam hukuklary býurosynyň wekilleri häzirki wagtda esasy meseläniň Gazagystanyň raýatlygy däl-de, gyzyň ene-atasynyň resmi taýdan kesgitlenmegidigini aýdýarlar. Hytaýda berlen resminamada onuň ene-atasy hökmünde başga adamlar görkezilse-de, DNK barlagy onuň biologiki ene-atasynyň Gazagystanyň raýatlary Abiir bilen onuň aýalydygyny tassyklaýar. Emma Gazagystanyň döwlet edaralary Hytaýda berlen resminamadaky maglumatlary özbaşdak üýtgedip bilmeýär. Şonuň üçin ene-ata DNK barlagynyň netijelerini we beýleki subutnamalary görkezip, kazyýete ýüz tutmaly. Kazyýet olaryň hakykatdan hem gyzyň kakasy we ejesidigini resmi taýdan kesgitläninden soň, gyza raýatlyk resmileşdirmek işine başlap bolar diýip, hukuk goraýjylar düşündirýärler.

Abiir Dalelhan gyzy Raýana bilen. Almaty welaýaty, 2026-njy ýylyň 4-nji sentýabry.

Raýananyň ene-atasy aklawça ýüz tutdy. Aklawçy degişli resminamalary döwlet edaralaryna tabşyrdy, emma olar entek seredilmedi.

Maşgala Gazagystanda hem DNK barlagyny geçirdi. Abiiriň aýtmagyna görä, degişli materiallar Almaty welaýatynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler boýunça kazyýetine tabşyryldy.

«Olar Hytaýdan jogaba garaşýandyklaryny aýdýarlar. Hytaý hiç zat bermez. Biziň elimizde Hytaý Halk Respublikasynda kanuny taýdan berlen resminamalar bar» diýip, Abiir aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy Almaty welaýatynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler baradaky işler boýunça kazyýetine sorag iberdi. Häzirlikçe jogap gelip gowuşmady.

Abiiriň maşgalasyna hukuk taýdan kömek edýän «Halkara hukuk başlangyjy» guramasynyň maglumatyna görä, kazyýet repatriantlaryň arzasyny kabul etmändir.

«Biz kazyýete hukuk taýdan ähmiýetli fakty kesgitlemek barada arza ýazdyk. Arzany kabul etmediler, dilden bu iş boýunça Hytaýyň kazyýetiniň kararynyň gerekdigini aýtdylar. Indi biz ýazmaça jogap talap edýäris. Soň ýene-de kazyýete ýüz tutarys. Munuň üçin bize ýazmaça jogap gerek. Bu iş entek tamamlanmady» diýip, «Halkara hukuk başlangyjy» guramasy habar berdi.

Raýananyň Hytaý pasportynyň möhleti 2028-nji ýylda tamamlanýar. Ene-atasy şol wagta çenli resminamalar meselesini çözmäge synanyşýar. Olar işi öz wagtynda çözüp bilmese, Raýananyň Hytaýa deportasiýa edilmeginden howatyrlanýarlar.