Hytaýdaky ýertitremede azyndan 126 adam öldi

Bu tebigy harasatyň Hytaýda soňky 10 ýylda bolan iň köp adam pidaly ýer sarsgynydygy bellenilýär.

Hytaýyň dermirgazyk-günbatar sebitiniň daglyk regionlarynda bolan ýertitremede azyndan 126 adam öldi. Bu barada Gansu welaýatynyň resmileri 19-njy dekabrda mälim etdiler. Bu tebigy harasatyň Hytaýda soňky 10 ýylda bolan iň köp adam pidaly ýer sarsgynydygy bellenilýär.

Ýerli resmiler gözleg we halas ediş işleri üçin goşmaça 300 işçini soradylar.

6.2 bal derejedäki ýer titremede 500-den hem aşa adama şikes ýetdi, jaýlar we köçeler weýran boldy, aragatnaşyk we elektrik liniýalary hatardan çykdy diýip, ýerli resmiler aýtdy.