Hytaýyň daşary işler ministri Çin Gang wezipesinden boşadyldy

Çin Gang

Hytaý bir aý bäri köpçülige çykmaýan baş diplomatyny, daşary işler ministri Çin Gangy wezipesinden boşatdy.

Bu karar Bütinhytaý halk ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň gyssagly we adatdan daşary gysga mejlisinde kabul edildi diýip, “The Washington Post” gazeti ýazdy.

Gangyň ýerine Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň daşary gatnaşyklar komissiýasynyň müdiri bolup işlän Wan Ýi bellendi. Ol mundan öň, 2013-nji ýyldan 2022-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda hem Hytaýyň Daşary işler ministrligine ýolbaşçylyk edipdi.

57 ýaşly Çin Gang soňky gezek köpçülige 25-nji iýunda çykdy. Şonda ol Pekinde russiýaly, wýetnamly we şri-lankaly kärdeşleri bilen duşuşypdy.

Şondan bäri onuň bilen meýilleşdirilen ýygnaklar ýatyryldy ýa-da olara Wang Ýi iberildi.

Çin Gangyň iýul aýynyň ortalarynda geçirilen ASEAN sammitine gatnaşmazlygy bolsa, resmi taýdan onuň anyklaşdyrylmadyk "saglyk ýagdaýy" bilen düşündirildi.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi emeldaryň häzir nirededigi baradaky soraglara jogap bermekden ýüz öwürdi.