Ysraýyl BMG-niň mekdebine zarba urdy
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
30-njy iýulda Gazada bosgunlar lagerinde BMG-niň dolandyrmagyndaky mekdebe Ysraýyl tarapyndan zarba urulmagynyň netijesinde ýaralanan palestinalylar, şol sanda köp sanly çaga keselhana alnyp baryldy. BMG-niň resmileri azyndan 16 adamyň wepat bolandygyny we 125 adamyň ýaralanandygyny aýtdylar. Şeýle-de 30-njy iýunda Ysraýylyň hüjümleriniň netijesinde Gaza şäheriniň minarasy ýumruldy. Soňky üç hepde bäri dowam edýän söweşleriň netijesinde 1260 palestinaly we Ysraýyl tarapdan 53 esger hem üç parahat ýaşaýjy wepat boldy.