19-njy iýunda şahyr Annasoltan Kekilowanyň ruhy hassahanada, 41 ýaşynyň içinde aradan çykanyna 43 ýyl bolýar. Ol otuz hem ýaşamanka, ilki ýürekden çykan goşgulary, soň TSSR Kompartiýasyny tankytlap, aýal-gyzlaryň hukuklaryny gorap ýazan we Moskwa iberen hatlary bilen tanalypdy.
1980-nji ýyllaryň aýagynda, 1990-njy ýyllaryň başynda giňden belli bolan faktlar şahyryň 12 ýyla çeken bendiliginiň sebäplerini aýan etdi. Ýöne onuň arhiwlerde saklanýan hatlary jemgyýetçilige elýeterli edilmedi. Ýogsa şol wagt DHK (KGB) arhiwleriniň doly diýen ýaly açylmagyna garaşylýardy. Dissident şahyryň döwürdeşi Hudaýberdi Hally bilen geçirilen söhbetdeşlik öňi alnan aýdyňlyk umytlaryna bagyşlandy.