Kaba obasynyň gyzlary göreş ýoluny saýladylar. Olar dünýä çempiony bolmagy arzuw edýärler

Aruuke Akibaýewa türgenleşik mahalynda. Gyrgyzystanyň Bazar-Korgon etrabynyň Kaba obasy.

Gyrgyzystanda, hususan-da, oba ýerlerinde guşakly göreş gyzlaryň arasynda meşhurlyga eýe bolýar. Olaryň käbiri eýýäm halkara arenasynda üstünlik gazandy.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habarçysy ýurduň Bazar-Korgon etrabynyň Kaba obasynyň üç ýaşaýjysy bilen duşuşdy. Gyzlar ýaşlarynyň kiçidigine we maşgala-hojalyk işleriniň aşa köpdügine garamazdan, milli hem-de halkara derejesinde täsirli netijeleri görkezýärler.

Sofiýa Zairowa 17 ýaşynda. Ol guşakly göreş boýunça dört ýyldan bäri meşgullanýar. Bu döwürde ol ýaşlaryň arasynda Gyrgyzystanyň çempionatynyň iki medalyny – "kümüş" we "bürünç" medallary gazandy.

15 ýaşly Madina bir ýyl mundan ozal guşakly göreş boýunça türgenleşip başlady. Eýýäm onuň ýaşlaryň arasynda geçirilen Dünýä Kubogynda ýeňen altyn medaly bar. Onuň obadaşy, 16 ýaşly Aruuke Akibaýewa hem bir ýyldan bäri sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýar. Şu döwürde ol birnäçe hormatly orna eýe boldy.

Sofiýa (sagda), Madina (ortada) we Aruuke (çepde)

Sofiýa Zairowa maşgalanyň iň kiçi çagasy, ol öz uly doganynyň yzy bilen bu sporta gelipdir.

Sofiýa Zairowa

«Doganym toýlarda göreş tutup, hemişe ýeňiş gazanýar. Käte ol pul baýragyny alýar, käte goýun, sygyr, hatda gap-gaç berilýär. Obada sport zaly ýokdy, şol sebäpli doganym öýde türgenleşýärdi. Onuň gazanan baýraklaryny görenimde, meniňem göreşe gatnaşasym gelýärdi. Soňra doganymyň göreldesine eýerip, öýde türgenleşip başladym. Obada göreş zaly açyldy we biz ol ýerde türgenleşip başladyk. Häzir doganym Russiýada gazanç üçin işleýär» diýip, Sofiýa gürrüň berýär.

Sofiýa diňe sport zalda däl, öýünde-de türgenleşýär.

«Obada göreş zaly açylanda, gyzlardan ýekeje men türgenleşýärdim. Men etrap we welaýat bäsleşiklerinde üstünlik gazanyp başlanymda, obadaşlarym guşakly göreş bilen gyzyklandylar. Mekdepdäki gyzlar menden göreş barada soraýardylar. Obada sport zaly açylansoň, oňa diňe oglanlar gatnaşýardy, türgenleşikde olar bilen bil alyşýardym. Meni görenlerinden soň, gyzlar gelip başladylar» diýip, Sofiýa gürrüňini dowam etdirdi.

Sofiýa 14 ýaşyndan bäri türgenleşýär.

Sofiýa sport bilen çynlakaý meşgullanýar, ýöne öý işlerini-de ýatdan çykarmaýar. Biz olara baranymyzda, ejesine kömekleşýän eken.

«Sport zaly öýümiziň golaýynda, şonuň üçinem türgenleşmäge boş wagtymda barýan. Howluda men doganymyň goýup giden daşlaryny göterýän hem arkan bilen türgenleşýärin. Elbetde, beýleki oba gyzlary ýaly, menem suw getirmek, nahar bişirmek, käwagt mala seretmek bilen meşgullanýan».

Sofiýa guşakly göreşde dünýä çempiony bolmagy arzuw edýär. Maksadyna ýetmek üçin, erjellik bilen türgenleşýär.

«Beýleki oba gyzlary ýaly, menem kynçylyklara duşdum. Häzirem men: "sport – göreş aýalyň işi däl" diýen sözleri eşidýärin. Bişkekdäki sport mekdebinde okamak isledim, ýöne ene-atam muňa garşy boldular. Men guşakly göreşe gatnaşyp, Halkara bäsleşiklerine Gyrgyzystanyň baýdagyny galdyrmak isleýärin. Sebäbi gyzlaryň hem sportda üstünlik gazanyp biljekdigine düşündim» diýip, Sofiýa aýdýar.

16 ýaşly Aruuke Akibaýewler maşgalasynyň çagalarynyň iň ulusy.

Aruuke bir ýyl mundan ozal sport zalyna gelipdi, bu gün bolsa sportsuz durmuşy göz öňüne getirip bilmeýär.

«Göreşe meni ejem iberdi. Sebäbi onuň özi-de at münüp, daglarda ulalypdyr. Ol şonuň üçinem meniň sport bilen türgenleşmegimi isländir. Onsoňam oba gyzlary sporta gatnap başladylar. Öz joralarym bilen türgenleşýän. Men her gün daglarda ylgaýaryn, öýde tigir bilen türgenleşýän» diýýär.

Aruuke kiçi oglan jigisi bilen top oýnaýar.

Madina

15 ýaşly Madina obadaşy Sofiýadan täsirlenip, göreşe girişdi.

«Mekdepde gyzlardan guşakly göreş bilen diňe Sofiýa meşgullanýardy. Ol bäsleşiklerde ýeňiş gazananda, mugallymlar ony öwüp, görelde edip görkezdiler. Ony görenimde, guşakly göreşe gatnaşasym gelýärdi. Şeýdip, sporta geldim. Ilki bize Sofiýa tälim berdi. Indi Elaman agaý tarapyndan tälim alýarys" diýip, Madina aýdýar.

Madina ejesine kömekleşýär.

Madinanyň hossarlary pomidor ösdürip ýetişdirýärler. Bu olaryň gazanjy, gyzlary olara kömek edýär.

«Sport maňa özüme erk etmegi öwretdi. Men öň köp gürleýärdim. Hossarlarym meni hiç ýere goýbermeýärdi. Ýöne men göreşe başlap, bäsleşiklerde ýeňiş gazandym. Muny görüp, ejem bilen kakam maňa ynanyp başladylar. Häzir men Jalal-Abaddaky, Oşdaky, Bişkekdäki bäsleşiklere gidýärin. Käte ýeňilýärin, ýeňsem welin örän begenýän. Men dünýä çempionatyna gatnaşyp, birinji orny eýelemek isleýärin" diýip, Madina öz arzuw-islegini paýlaşdy.

Türgenleşikden öň

Damarlary gowşatmak

Gyzlaryň türgenleşýän Kaba obasyndaky sport zaly ýeke-täk jaý. Ol ýerde guşakly göreş bilen jemi 30 sany gyz-oglan türgenleşýär. Öňler bu jaýda çaýhana ýerleşipdir.

Göreş zalyna tehniki goldawy USAID «Üstünlikli aýmak 2» başlangyjy üpjün edýär. Onuň çäginde bäsleşik esasynda tälimçi saýlanyldy, ata-eneler bilen şertnama baglaşdylar hem salgytlary töläp başlapdyrlar. Häzir her bir türgen aýda 300 som – 3,5 dollardan azrak töleýär.

Halkara guşakly göreş federasiýasy 2001-nji ýylda döredildi we bir ýyldan soň hasaba alyndy. Ol 2008-nji ýylda United World Wrestling (UWW) agza boldy. Häzirki wagtda milli federasiýalar 4 kontinentiň 70-den gowrak ýurdunda bar. Her ýyl kalendar planyna laýyklykda, sportuň bu görnüşi boýunça Aziýa, Ýewropa we dünýä çempionatlary geçirilýär. Alyş 2017-nji ýylda Türkmenistanda Ýapyk binalarda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň programmasyna goşuldy. Gyrgyzystanlylar ol bäsleşikden baýrakly dolanyp geldiler.