Kadyrow oglunyň ýol heläkçiligine düşendigi baradaky habarlary ‘ýasama maglumat’ atlandyrdy

Adam (çepde) we Ramzan Kadyrowlar

Çeçenistanyň ýolbaşçysy Ramzan Kadyrow Grozny şäherinde onuň ogly Adamyň uçran ýol-ulag heläkçiligi baradaky habarlary “bir ýerden çykan ýasama maglumat” diýip atlandyrdy. Bu barada Kadyrow respublikanyň prokurory Arsan Adaýew bilen geçirilen duşuşykda aýtdy. Bu baradaky wideo Kadyrowyň Telegram kanalynda çap edildi.

“Emeli aňyň kömegi bilen islendik adamy aldap bolýar. Ýurtda 128 müň ýol heläkçiligi boldy, 13 müň 9 adam heläk boldy, emma munuň bilen hiç kimiň işi ýok, hiç kim hiç zat diýmeýär” diýip, Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasynyň ýolbaşçysy sözüne goşdy. Kadyrow ýol heläkçiliginiň bolmandygyny anyk aýtmady.

Bu respublikada birnäçe ýokary wezipesi bardygy aýdylýan 18 ýaşly Adam Kadyrowyň ýol heläkçiligine düşendigi baradaky habarlardan soň, Çeçen häkimiýetleriniň ilkinji gezek beýanat bermegi boldy. Adam Kadyrowyň saglyk ýagdaýy we onuň häzir nirededigi barada ygtybarly maglumat ýok. Kawkaz.Realii-niň ýazmagyna görä, Çeçenistanyň häkimiýetleri we döwlet metbugaty respublikanyň ýolbaşçysynyň oglunyň arhiw ýazgylaryny täzelikde düşürilen hökmünde görkezýär.

Oppozision NYISO hereketiniň hem-de Kawkaz.Realii redaksiýasynyň maglumatlaryna görä, 16-njy ýanwarda Adam Kadyrowyň ulag kerweni ýol heläkçiligine düşdi; başdaky awtoulagyň çaknyşan ulagyň sürüjisi heläk boldy. Kawkaz.Realii-niň maglumatlaryna görä, Kadyrowyň ogly we onuň töwereginden takmynan 20 adam hassahana eltildi. Adam Kadyrowyň özüni bolsa, onuň janyna howp abanmadyk hem bolsa, ýörite uçar bilen bejergi üçin Moskwa ugradylandygy aýdylýar.