Çeçenistanyň Kreml tarapyndan bellenilen diýdimzor lideri Ramzan Kadyrow polisiýa işgärlerine protestçileri we demonstrantlary atyp öldürmäge ygtyýar berdi.
Bu soňky günlerde Demirgazyk Kawkaz sebitinde anti-Semitik tolgunşyklaryň ýüze çykan wagtynda edildi. Hususan-da 29-njy oktýabrda Dagystanda gazaply mähelle Mahaçkalanyň aeroportuna kürsäp giripdi.
Kadyrow 31-nji oktýabrda Telegram kanalynda polisiýa işgärlerine “howa üç gezek duýduryş oklaryny atmagy, eger-de adam boýun bolmasa, onda dördünjini maňlaýyndan atmagy tabşyrandygy” barada ýazgy galdyrdy.
Kadyrow, rus prezidenti Wladimir Putin ýaly, anti-Semitik bidüzgünçilikleriniň Ukraina we Günbatar ýurtlary tarapyndan gurnalandygyny öňe sürdi. Emma bularyň ikisi-de bu aýdanlaryna delil getirmediler.