Kanadanyň günbataryndaky Britan Kolumbiýa prowinsiýasynyň Tumbler-Ridž şäherindäki orta mekdepde atyşyk netijesinde azyndan 10 adam heläk boldy. Bu barada ýerli polisiýa habar berdi.
Polisiýanyň maglumatyna görä, ot açan adam öz janyna kast edipdir. Wakada atyjyny hem goşanyňda sekiz adam heläk bolupdyr. Ýene iki adamyň jesedi, polisiýanyň çaklamasyna görä atyjy bilen baglanyşykly bolup biljek, bir ýaşaýyş jaýynda tapyldy.
Atyşyk wagty şäher ýaşaýjylarynyň mobil telefonlaryna iberilen gyssagly duýduryşda şübheli zenan hökmünde häsiýetlendirilipdi. Emma häzirlikçe onuň şahsyýeti resmi taýdan tassyklanmady. Mümkin sebäpler barada hem häzirlikçe maglumat berilmeýär.
20-den gowrak adam ýaralandy. Mekdebiň binasyndan takmynan 100 adam ewakuasiýa edildi.
Kanadanyň premýer-ministri Mark Karni “şu günki elhenç atyşykdan lapykeç bolandygyny” ýazyp, heläk bolanlaryň ýakynlaryna gynanç bildirdi.