Russiýa tarapyndan basyp alnan Krymda dynç alyş möwsümi başlansa-da, myhmanhanalar aglaba boşlaň.
Krymyň iň gözel kenarlarynyň biriniň golaýynda ýerleşýän Olenewka şäherçesindäki kiçijik myhmanhananyň eýesi Olga Azatlygyň Krym redaksiýasyna şeýle gürrüň berýär: «Adatça dört aýlap (iýundan sentýabra çenli) üstümiz myhmandan dolýardy. Myhmanhananyň azyndan 80%-i eýeli bolardy. Bu ýyl zordan 10%-e ýetýär. Kenarda dynç alýan ýok diýerlik».
Beýleki myhmanhana eýeleriniň aýtmagyna görä, amatly arzan bahalary hödürleseler-de, deňze dynç almaga gelýänler olaryň jaýlarynyň takmynan 40-50 göterimini tutýar.
Krymyň günorta-gündogaryndaky Aluşta güzeri, 2023-nji ýylyň 17-nji iýuny.
Orsýetiň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy doly möçberde hüjümi başlanandan soň, Krymyň uçar gatnawlary togtadyldy. Ýarymadasyna gelmek isleýänler gury ýer üstünden, uzak ýol geçmeli bolýarlar.
"Krymyň derwezesi" diýlip atlandyrylýan Çongar sebitindäki köprä 22-nji iýunda, Ukraina Günbatarda ýasalan raketalar bilen hüjüm edenden soň, Kryma syýahat etmek has-da çylşyrymlaşdy.
Çongardaky hatardan çykarylan köpri, 2023-nji ýylyň 23-nji iýuny.
Krymyň gündogaryndaky Kurortnyý obasyndaky myhmanhana toplumynyň eýesi Ýewgeniý syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylkydan azdygyny belleýär. Ol muny logistiki kynçylyklar bilen baglanyşdyrýar.
Ol: «Bar adam birnäçe rugsat günlerini ýolda geçirmek islemeýär» diýýär.
Beýlekiler bolsa syýahatçylyk akymynyň peselmeginiň sebäbini Krymyň deňiz ýakasynyň harbylaşdyrylmagynyň artýandygy bilen düşündirýärler.
Krymyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Ýewpatoriýanyň deňiz ýakasynda tanka garşy berkitmeler we garymlar, 2023-nji ýylyň 12-nji marty.
Russiýanyň harbylary 2022-nji ýylyň ahyrynda, Ukrainanyň garşylykly hüjüminden howatyrlanyp, Krymyň ýaka boýunda, onlarça kilometre uzaýan garym gazdylar, ot açyş nokatlaryny döretdiler we tanklara garşy päsgelçilikleri gurdular. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, munuň netijesinde kenarda bolan dynç alyş ýerleriň köpüsi ýapyk dur.
Sudak galasynyň suw ýakasy, Krym, 2023-nji ýylyň 9-njy iýuny.
Ýewpatoriýanyň takmynan 30 kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän kenarýaka Popowka obasynda adatça Z.City tomusky festiwaly geçirilýärdi. Şu ýyl ol amala aşyrylmaz, sebäbi jemgyýetçilik kenarynda suwa düşmek gadagan.
Ýerli ýaşaýjy Munire Akmullaýewa: «Gynansak-da, Popowkadaky kenarlar, häzirlikçe ýapyk» diýip, ýöne şeýle-de golaýdaky kenarýaka bölekleriniň açykdygyny sözüne goşdy.
23-nji iýunda Herson sebiti bilen Krymyň arasyndaky Armýansk barlag-geçelge nokadynda düzülen ýük ulaglary. Surat Çongardaky köprä edilen hüjümden bir gün soň düşürildi. Şonda ýoldaky awtoulag gatnawy ýapylypdy.
Syýahatçylar akymynyň örän pesdigini bu ýeri basyp alan resmiler hem ykrar edýär. Kreml tarapyndan Krymyň baştutany bellenen Sergeý Aksýonow iýunyň başynda, şu ýyl syýahatçylyk möwsüminiň "gysgaldylan görnüşde" geçiriljekdigini mälim etdi we işewür toparlaryň zyýanyny dolmagy wada berdi.
Aksýonow transport kynçylyklary barada aýtsa-da, ol syýahatçylaryň köpüsiniň anneksiýa edilen ýarymadasyna gaýtmakdan "diňe gorkýandygyny" boýun aldy. Ol Krymda dynç aljaklar üçin "hiç hili howpuň ýokdugyny" mälim etdi.
Iýun aýynyň başynda Sudakdaky seýil ýoly
Russiýanyň syýahatçylyk operatorlar birleşigi tarapyndan golaýda çap edilen statistik maglumatlarda, Krymda syýahatçylygyň kesgin peselendigi aýdylýar. 2021-nji ýylda Russiýanyň syýahatçylyk bazarynda, Krymyň paýy 19%-e barabar boldy. Bu tomsunda diňe bir göterim.