Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 13-nji sentýabrda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un bilen gepleşik geçirdi.
Kim oňa, öz sözleri bilen aýdylanda, öz ýurdunyň Russiýanyň howpsuzlyk bähbitlerini goramak üçin "doly we şertsiz goldawyny" teklip etdi. Görnüşinden, bu teklip Moskwanyň Ukraina garşy alyp barýan giň gerimli çozuşy bilen baglylykda edildi.
Şeýle-de Kim, Sibiriň uzakdaky raketa atyş desgasynda geçirilen gepleşiklerden soň, Demirgazyk Koreýanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryny "ilkinji ileri tutulýan ugur" diýip atlandyrdy.
Waşington Putiniň bu duşuşygy, Russiýanyň barha azalýan ýarag ätiýaçlyklarynyň üstüni ýetirmek maksady bilen, Kime ýarag ibermegi barada basyş etmek üçin ulanmak ähtimallygyndan alada bildirdi.
Iki lider öz ýurtlarynyň aýry-aýrylykda, Günbatar bilen aradaky gapma-garşylyklarynyň barha güýçlenýän şertlerinde birleşýär.
Bu duşuşyk, Günorta Koreýa resmileriniň aýtmagyna görä, Demirgazyk Koreýa deňze tarap iki sany ballistik raketa atanyndan birnäçe sagat soň boldy.
Rus metbugatynyň habaryna görä, iki lider “Wostoçnyý kosmodromyndaky” duşuşyga topluma, şol sanda iki sany uçuş enjamynyň ýerleşýän ýerine gezelenç etmekden başlady.
Russiýanyň Demirgazyk Koreýa emeli hemra gurmak babatynda kömek edip-etmejekdigi soralanda, Russiýanyň döwlet habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, Putin "biz bu ýere şonuň üçin geldik” diýip jogap berdi.