Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy giň gerimli urşa başlaly bäri azyndan 500 çaga öldürildi, 1 müňden gowrak çaga ýaralandy diýip, Ukrainanyň baş prokuraturasy 13-nji awgustda habar berdi.
Resmiler bu sanlaryň doly bolup bilmejekdigini, sebäbi rus güýçleriniň basyp alan ýerlerinde maglumat ýygnamagyň örän kyn bolmagynda galýandygyny bellediler.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary geçen aý bu ýurtda azyndan 9 396 parahat ýaşaýjynyň öldürilendigini we 16 646 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Russiýa Ukrainanyň dürli ýerlerindäki şäherlerine howa zarbalaryny urmagyny dowam etdirýär.