Kiýewdäki "Ýurt-ene" ýadygärliginde SSSR gerbiniň ýerine üçdiş nyşany oturdyldy

Bazar güni Kiýewiň merkezindäki “Ýurt-ene” ýadygärliginiň galkanyna Ukrainanyň resmi nyşany, üçdiş oturdyldy. Ol SSSR-iň sökülen gerbiniň, orak we çekiç nyşanynyň ýerinde oturdyldy diýip, Azatlyk radiosynyň Ukrain gullugy habar berýär.

"Bu boldy. Ukrain üçdişi öz ýerinde. Bu çylşyrymly, jogapkärçilikli we taryhy taslama. Muny amala aşyrmaga gatnaşan her bir adama - hemaýatkärlere, dizaýnerlere, gurluşykçylara, heýkeltaraşlara, Uruş muzeýiniň işgärlerine sag bolsun aýdýaryn" diýip, Ukrainanyň öňki medeniýet ministri Oleksandr Tkaçenko telegram kanalynda ýazdy.

“Ýurt-ene” ýadygärligindäki ukrain gerbi 5-nji awgustda oturdylyp başlandy. Şol gün üçdiş birinji derejä - 24 metr belentlige galdyryldy. Söküş işleri iýul aýynyň aýagynda başlandy.

Eli gylyçly we galkanly aýalyň şekilinde, boýy 102 metr bolan ýädygärlik 1981-nji ýylda, Sowet goşunynyň Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşe goşan goşandyny hatyralamak üçin guruldy.