21-nji martda irden Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş güýçleriniň Russiýanyň paýtagt Kiýewe atan raketalaryny urmagy netijesinde, ýere düşen galyndylar sebäpli 10 adam, şol sanda 11 ýaşly bir gyz ýaralandy. Bu barada Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko mälim etdi.
Ukrainanyň harby howa güýçleri aýratyn beýanat ýaýradyp, 21-nji martda Russiýanyň paýtagta atan 31 raketasyny urup düşürendigini habar berdiler.
“Duşman Kiýewe Iskander-M kysymly iki raketa we Kh-101 kysymly 29 sany ganatly raketa bilen hüjüm etdi” diýip, maglumatda bellenilýär. “Duşmanyň ähli raketalary Kiýew regionynda uruldy” diýlip hem onda nygtalýar.