Ukrain paýtagty Kiýew 22-nji dekabrda Russiýanyň uçuran ýigrimiden gowrak pilotsyz uçary bilen nyşana alyndy we azyndan iki adamyň ýaraly bolandygy habar berilýär.
Şäher häkimi Witali Kliçko we gyssagly kömek gullugy bir dronyň şäher merkeziniň günortasyndaky kwartiralaryň bir blogyna zarba urandygyny we adamlaryň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny aýtdy. Şeýle-de, bu zarba ýangyn tutmagyna sebäp boldy, ýöne ol derrew gözegçilik astyna alyndy.
Bu ukrain paýtagtyna bir aýyň dowamynda edilen altynjy dron hüjümi bolup, ol sowlanyndan soň, şäheriň köp böleginde berlen howa hüjümi duýduryşlary bes edildi.
Ukrain goşuny 22-nji dekabrda Russiýanyň tutuş ýurt boýunça uçuran 28 sany kamikadze uçarynyň, Eýranda öndürilen dronlaryň 24 sanysynyň urlup gaçyrylandygyny aýtdy.
"Howa hüjmleriniň öňüni almak tagallalaryna Harby-howa güýçleri, howa gämilerine garşy raketa bölümleri we Howa güýçleriniň we Ukrainanyň Goranmak güýçleriniň mobil toparlary gatnaşdy. Netijede, Kiýew, Odesa, Mikolaýiw, Herson, Žitomyr, Riwne we Hmelnytskiý sebitlerinde 24 sany "Şahid" urlup gaçyryldy” diýip, Howa güýçleri aýtdy.
Harbylar pilotsyz uçarlaryň Russiýanyň basyp alan Krym ýarym adasyndan we Russiýanyň günorta-günbataryndaky Kursk we Primorsko-Ahtarsk sebitlerinden uçurylandygyny aýtdylar.
Ukrain goşuny söweş meýdanyndaky güýçleriniň 21-nji dekabrda gündogar frontda 95 hüjümi yzyna serpikdirendigini habar berdi, Harkow sebitindäki Kupýansk, Donetsk sebitindäki Awdiýewka we Marýinka şäherleriniň golaýynda agyr söweşleriň bolandygyny aýtdy.
Günorta Herson sebitinde on iki çaknyşyk boldy, ukrain güýçleri gözegçilik edýän ýerlerini giňeldýärler diýip, harbylar aýtdy.
Ukrain harbylary edilen hüjümlerde parahat adamlaryň öldürilendigini we ýaralanandygyny, hususy ýaşaýyş jaýlarynyň we infrastrukturanyň weýran edilendigini habar berdiler.
Ukrainanyň günorta komandasy Mikolaýew sebitindäki infrastruktura zarba urlandygyny we urlup gaçyrylan pilotsyz uçaryň bölekleriniň Odesa sebitindäki däne ammaryna zyýan ýetirendigini aýtdy.
Şu aralykda, 21-nji dekabrda Russiýanyň Uzak gündogaryndaky Habarowsk şäheriniň kazyýeti, Ukrainanyň ýaragly güýçlerini maliýeleşdirmek aýyplamasy bilen, iki adamyň sekiz we ýedi ýyl azatlykdan mahrum edilendigini yglan etdi.
Metbugat habarlarynda ýyl kesilen rus raýatlarynyň biri 24 ýaşyndaky Tatýana Parşina diýlip atlandyryldy, ol 24-nji martda Ukraina bilen baglanyşykly gazna 2400 rubl (26.5 dollar) iberendigi üçin tussag edilipdir.
Kazyýetiň maglumatyna görä, Habarowskiň başga bir ýaşaýjysy hem şol bir aýyplama bilen ýedi ýyl azatlykdan mahrum edilipdir, ýöne onuň ady aýdylmaýar.
Bular Russiýanyň raýatlaryna ukrain goşunyna maddy taýdan goldaw bermek aýyplamasy bilen çykarylan ilkinji hökümler diýlip bilinýär.
Russiýanyň Başgyrdystan respublikasynyň kazyýeti bolsa, 22-nji dekabrda aktiwist Ramila Saitowany, Russiýanyň Ukrainadaky urşuna protest bildirip ýazan onlaýn ýazgysy üçin bäş ýyl azatlykdan mahrum etdi.
Saitowanyň tarapdarlary höküm yglan edilenden soň “Utanç!” diýen şygara gygyrdylar.
Saitowa maý aýynda tussag edilip, "ýurduň howpsuzlygyna garşy çärelere çagyryş etmekde" aýyplandy. Ol Başgyrdystanda mobilizlenen erkeklere onlaýn wideosyndan ýüzlenip, olary "batyrgaý bolmaga we aç-açan ýagdaýda öldürmek islämok" diýmäge çagyrypdy.
Saitowa özüne bildirilen aýyplamany ret etdi.