Kiýew öten agşam Russiýanyň soňky aýlarda bir topar parahat ýaşaýjyny öldüren ýa ýaralan dron hem-de raketa hüjümleriniň iň güýçlüsine sezewar boldy diýip, paýtagtyň häkimiýetleri 30-njy awgustda aýtdylar. Russiýanyň sebit resmileri bolsa, öz sözleri bilen aýdylanda, Ukrainanyň uruş başlanaly bäri iň uly dron hüjümini edendigini habar berdiler.
Russiýanyň Kiýew şäherine 30-njy awgustda, ir sagatlarda eden hüjümi azyndan iki adamyň ölmegine we üç adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, Kiýew şäher harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko aýtdy. Ol munuň ukrain paýtagtyna ýazyň başyndan bäri edilen iň güýçli hüjüm bolandygyny hem sözüne goşdy.
Kiýewiň şäher häkimi Witali Kliçko öldürilen iki adamyň şäheriň Şewçenko etrabynda ýerleşýän bir kärhanada howpsuzlyk işgäri bolup işländigini aýtdy.
Bu hüjümde paýtagtdaky birnäçe jaýa, şeýle-de gonamçylyga zyýan ýetdi, ýangyn turmagyna sebäp boldy diýip, häkimiýetler aýtdy.
Russiýa bilen serhetleşýän Sumy sebitinde 82 ýaşly bir aýal Şalyhyne obasyndaky öýüne gelip uran rus topundan öldi diýip, demirgazyk-gündogar sebitiň prokuraturasy 30-njy awgustda habar berdi.
Jitomyr sebitinde urlup ýykylan pilotsyz uçarlaryň galyndylary demir ýol infrastrukturasyna zyýan ýetirdi diýip, sebit häkimi Witaliý Buneçko aýtdy.
Ukrainanyň baş serkerdesi Waleriý Zalužniý rus güýçleriniň Ukraina eden soňky hüjümind 28 sany ganatly raketanyň, 16 sany pilotsyz uçaryň ulanylandygyny aýtdy.
Zalužniniň Facebook ýazgysyanda tassyklamagyna görä, atylan ganatly raketalaryň ählisi, Eýranda öndürilen 15 pilotsyz uçar Ukrainanyň howa goragy tarapyndan urlup gaçyryldy.
Şu aralykda, 30-njy awgustda Russiýa hem Ukrainanyň iň uly dron hüjümleriniň biriniň öňüni alandygyny, bu hüjümde alty sebitiň nyşana alnandygyny öňe sürdi.
Günbatar Pskow sebitinde, Ukraina serhedinden 660 km uzaklykda ýerleşýän harby uçar meýdançasyna edilen dron hüjüminde dört sany harby transport ulagyna zyýan ýetdi diýip, sebit resmileri aýtdy. Bu uçar meýdançasynyň raýat uçarlaryna hem hyzmat edýändigi aýdylýar. TASS habar gullugy zyýan ýeten dört uçaryň Il-76 ulag uçarlary bolandygyny aýtdy.
Pskow şäheriniň howa menzili, ýetirilen zyýanyň derejesini kesgitlemek üçin, 31-nji awgusta çenli ýapyldy.
Şäher ýaşaýjylary öten agşam partlamalaryň we atyşyklaryň bolandygyny habar berdiler.
Sebit häkimi Mihail Wedernikow telegramda partlama sesi eşidilýän we howa meýdançasynyň ýokarsyndaky atyşyk ýagtylaryny görkezýän gysga wideo ýerleşdirdi.
Partlamalaryň Russiýanyň Brýansk, Kaluga, Rýazan we Moskwa sebitlerinde-de bolandygy habar berildi.
Sebit häkimi Aleksandr Bogomaz ukrain pilotsyz uçarlarynyň Brýank sebitindäki teleýaýlym diňine hüjüm etmäge synanyşandygyny, emma pidalaryň ýokdugyny aýtdy.
Moskwanyň iki howa menzili - Domodedowo we Wnukowo gysga wagtlyk ýapyldy.
Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krymda Sewastopola hem pilotsyz uçar hüjümi edildi diýip, Moskwa tarapyndan bellenen sebit häkimi Mihail Razwojaýew Telegramda aýtdy, ýöne başga jikme-jiklikleri bermedi.
Şeýle-de, rus goşuny öz uçarlarynyň biriniň Gara deňizde geçirilen operasiýada Ukrainanyň 50 töweregi esgeri alyp barýan dört gämisini ýok edendigini aýtdy. Emma bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.
Söweş meýdanynda, ukrain harbylarynyň baş ştabynyň 30-njy awgustdaky gündelik hasabatynda tassklanylmagyna görä, ukrain güýçleriniň günortada, strategiki Melitopol okunda edýän hüjümleri dowam etdirilýär. Şeýle-de, gündelik hasabatda soňky 24 sagadyň dowamynda öň hatarlarda jemi 35 söweş çaknyşygynyň bolandygyhabar berilýär.
Ukrain häkimiýetleri 29-njy awgustda, rus toplary bu sebitde ýaşaýan parahat adamlary köp öldürensoň, gündogar Ukrainanyň front liniýasyna ýakyn Kupýansk şäheriniň ýaşaýjylaryny hökmany suratda ewakuasiýa etmegi buýurdy.
Rus goşunlary gündogar Harkow sebitindäki Kupýank şäherini gaýtadan ele geçirmäge synanyşýarlar. Olar bu şäheri urşuň başynda basyp aldylar we soň, ukrain goşunlarynyň garşylykly hüjüminde elden giderdiler. Moskwa şonda, bir ýyla golaý öň bolan hüjümiň tizligine we güýjüne haýran galdy.
Emma muňa garamazdan, Ukrainanyň ýurduň gündogarynda we günortasynda iýun aýynda başlanan täze garşylyk hüjümi haýal we agyr ýitgili boldy. Rus güýçleri hem gündogardaky hüjüm synanyşyklarynda agyr ýitgi çekdi. Bu ýagdaý köp hünärmeniň iki tarapyň uzak möhletli gapma-garşylyga baglanyp galmak ähtimallygyndan howatyr etmegine sebäp boldy.
Döwlet sekretary Antoni Blinken Waşingtonda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “öz territoriýasyny we halkyny goraýan Ukraina ýene bir harby kömek bukjasyny” berýändigini aýtdy.
Ol bahasy 250 million dollar bolan bukjada “Howa goranyşy üçin AIM-9M raketalarynyň, ýokary çeýelikli artilleriýa raketa ulgamlary üçin ok-därileriň, 155mm we 105mm artilleriýa ok-därileriniň, minalardan arassalaýjy enjamlaryň, Jawelinleriň we sowutly ulaglara garşy beýleki ulgamlaryň we raketalaryň” boljakdygyny aýtdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary şu wagta çenli Ukraina 40 milliard dollar töweregi harby kömek berdi diýip, resmiler aýtdylar.