Kommunistik Wengriýadaky türmeleriň iç ýüzünden görnüşi. Fotograf Tamas Urbanyň garaýşy

Автор: Amos Çappl

Fotožurnalist Tamas Urban Wengriýadaky kommunist režiminiň adaty durmuşyny dokumentleşdirmegi kär edindi. Indi ol köpçülige dürli ugurlardan suratlary hödürleýär. Şol sanda olaryň arasynda, totalitar türme sistemasynda zorlugy we adamyň ruhy dünýäsini suratlandyrýan suratlar hem bar.

1970-nji ýyllaryň başynda fotožurnalist Tamas Urban Wengriýanyň Asod şäherçesinde ýerleşen kämillik ýaşyna ýetmedikleriň türmesini surata düşürmegi haýyş edip hat ýollanda, rugsat beriljegine asla umyt etmeýärdi.

Paýtagt Budapeştiň etegindäki ol edara hiç kim fotoapparat bilen girmändi, beýik diwarlarynyň aňrysynda näme bolaýanyny görýän ýokdy. Sebäbi içerdäki şekil Wengriýanyň kommunist hökümetiniň dünýä görkezmek isleýän keşbine laýyk gelmeýärdi.

Asoddaky kämillik ýaşyna ýetmedikleriň türmesindäki ussahanada, sigaret çekip oturan oglan. 1974-nji ýyl

Emma şol döwürde Urbanyň işleýän gazeti Wengriýa kommunistik hökümetiniň ýerli bölüminiň sesi saýylansoň, ýaş fotosuratçynyň türmäni surata düşürmek baradaky ýüzlenmesine "partiýa agzasynyň resmi haýyşy ýaly garaldy" diýip, suratçysy Wengriýanyň Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gürrüň beripdi. «Şonuň üçin gapylar açyldy we hemmeler hyzmatdaşlyga meýilli boldy» diýip, ol düşündirýär.

Asod türmesiniň oglanlary öz düşeginde

Urban birnäçe aýyň dowamynda, ýaşlary surata düşürip, olara ýakynlaşdy. Olaryň köpüsi zorluk jenaýatyny edeni üçin, türme jezasyny çekýärdi. Fotografyň parlak akymy şol edarada öz suratlarynyň sergisini gurnandan soň tamamlandy.

Az sanly topar bu şekilleri synlamaga geldi. Şol pursatda ýerli býurokrat «hiç hili garşylykly pikire ýol bermeýän bu çärä goşuldy» diýip, Urban ýatlaýar.

Ýuwulýan otagdaky ýumruklaşma

Ol wezipeli resmi suratlaryň şol edarada galmalydygyny we türmäniň çäginden çykarylmaly däldigini mälim edýär.

«Men şol pursatlary hiç haçan unutmaýaryn. Bu meniň durmuşymda birnäçe aý bäri işläp gelýän işimiň ilkinji sergisi bolupdy. Açylyş dabarasynda myhmanlaryň we žurnalistleriň öwgüsine mynasyp boldum. Emma ministrligiň resmisi ony “köpçülik üçin ýaramsyz" hasaplady. Ýüregim gyýylyp, öýe gaýdanym ýadyma düşýär. Hiç haçan şol edara-da, hatda Asod şäherine-de aýak basmajakdygyma ant içdim. Meniň beýle tabşyryga boýun egesim gelmedi» diýip, 78 ýaşly fotosuraty ýatlaýar.

Tamas Urban (çepde) Wengriýanyň demirgazygynda Marianostra türmesinde iş wagtynda, 1987-nji ýyl.

Şondan soň Urbanyň Asoddaky edara bilen gatnaşyklary tamamlansa-da, ol Wengriýanyň beýleki tussaghanalary bilen hyzmatdaşlyk edip başlaýar.

Soňky onýyllyklarda Wengriýa dürli-dümen "kommunizm aşyny" (Wengriýanyň syýasy we ykdysady ugrunyň köpçülik arasynda ýaňsyly atlandyrylyşy şeýledi), irki stalinçi usulda çepçi awtoritarizmiň muşakgatly ýyllaryny başdan geçirýärkä, Urban fotosuratçy hökmünde, örän üstünlikli kär edinipdi.

1980-nji ýyllarda Urban birnäçe surat kitaplaryny bezejek fotosuratçy hökmünde saýlandy, sebäbi neşirýat Wengriýanyň türmelerindäki durmuşy görkezmek üçin, kitap çap etmegi planlaşdyrýardy.

Tussaglar Wengriýanyň günbatarynda ýerleşýän Sopronkohid türmesiniň howlusynda gezelenç edýärler, 1985-nji ýyl.

Urbanyň türme suratlarynyň aýratyn tarapy şundan ybarat bolup, olar diňe bir geçip bolmaz betondan içeri girmäge mümkinçilik bermekden ýa-da Wengriýanyň kommunistik döwletiniň polat ýüreginden aşmak däl, eýsem köp halatlarda, ýaş ýigit tussaglaryň ýüreklerine aralaşdyrýar.

Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň türmesindäki oglanlar, Asod, 1974-nji ýyl.

Urban surata düşüren tussaglarynyň köpüsiniň ruhy dünýäsine girmek üçin, batyrgaý psihiki usullary ulanypdyr.

Marianostra türmesinde tussaglaryň duşuşyga gelen hossarlary, 1987-nji ýyl.

«Eger men tussaglardan surata düşmegi haýyş etsem, olaryň hiç haçan rugsat bermejekdigini bilýärdim. Olar çekinjeň bolany üçin däl-de, sistemanyň bir bölegi bolany üçin rugsat bermezdiler, sebäbi olar hiç haçan "ýok" diýip bilmeýärdiler. Şonuň üçinem olarda mümkinçilik bolanda, diňe şonda aýdarlar» diýip, fotosuratçy wenger žurnalistine düşündirýär.

Tamas Urban diňe bir tussaglary hem däl, türme garawullaryny-da nazardan düşürmändir. Wagt geçmegi bilen, kimdir birleri gürrüňdeşlige goşulypdyr.

«Iň batyrgaý tussaglar özleriniň surata düşürilmegi üçin, meni çagyrýardylar» diýip, ol aýdýar.

Bir gezek tussaglar surata düşürmegi haýyş etdiler diýip, Urban gürrüň berýär: "Men olary eýýäm ynandyrdym, olar bolsa surata düşmek üçin, nobata durdular».

Tussaglar iş arasyndaky arakesmede, 1986-njy ýyl.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda, köp sanly baýrakly orunlara mynasyp bolan fotosuratçy öz eserini bütin dünýäde ýaýradýar we çap edýär. Bu işi ol aýratyn-da Wengriýanyň Fortepan fotoarhiwiniň üsti arkaly amala aşyrýar, ol ýerde onuň müňlerçe suratlary bar.

Urban Fortepan arhiwini esaslandyryjy Miklos Tamaşi bilen ýakyn dost. Urban aýtmyşlaýyn, onuň pikirine görä, düşürilen suratlar "gowy ýerde hem iň ynamdar elde" saklanýar.

Ýany Kalaşnikow awtomatly türmäniň garawuly tussaglar zähmet borjuny ýerine ýetirýärkä, olara gözegçilik edýär, 1986-njy ýyl.

Urbanyň ýene müňlerçe suraty heniz çap edilmedik. Olaryň köpüsi 1990-njy ýyllarda, öňki on ýyllykdaky kommunist döwleti wagtynda, duş gelýän ýagdaý bilen deňeşdirilende, jenaýatçylygyň we durnuksyzlygyň artan döwründäki Wengriýanyň durmuşyndan alnan suratlar.

Marianostra türmesindäki tussaglardan ele salnan zatlar, 1987-nji ýyl.

2016-njy ýylda Urbanyň kommunist Wengriýanyň ýapyk edaralaryna ilkinji girişip başlan ýeri – kämillik ýaşyna ýetmedikleriň Asod türmesiniň häkimiýetleri habarlaşdy. Türmäniň ýolbaşçylary onuň mundan 40 ýyldan gowrak wagt ozal edip, "ýatdan çykarylan" suratlar toplumyny tapandyklaryny aýtdylar. Suratlar "aýagy döwlen pianinonyň" aşagynda goýlupdyr.

Asod türmesindäki ýaş tussagyň tenindäki tatuirowkalar. 1975-nji ýyl

Asodda tapylan suratlar Urbanyň bu şähere barmazlyk kasamyny ýatyrmagyna ýeterlik sebäp bolupdyr. Fotosuratçy ogly Adam (ol hem tanymal fotosuratçy) bilen bilelikde, ol türmä barýar.

«Birnäçe aýyň içinde Adam hem bu edara bilen özi tanyşdy. Şondan birnäçe ýyl geçensoň, ol şol ýerde öz suratlaryny düşürdi» diýip, uly Urban gürrüň berýär.

2018-nji ýylda Adam bilen Tamas Urbanlar Asoddaky tussaghananyň çäginde düşürilen suratlaryň bilelikdeki sergisini geçirdiler.

Asod türmesinde tussaga ýazmagy öwredýärler. 1975-nji ýyl

Tamas fotožurnalistlik wezipesiniň köplenç ony betbagtçylyklara getirenini, ynsan ýowuzlygy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny gürrüň berýär, ol agyr şahsy ýitgilere duşupdyr. Ol göwnüçökgünlik keselini bejertmeli boldular. Ýöne onuň sözüne görä, bu dertler eden tagallasyna degýär.

Eger onuň suratlary bolmadyk bolsa, şeýle ussatlyk bilen çekilen jemgyýetiň şol taraplary, esasan hem kommunist Wengriýanyň türmelerindäki durmuş «bu gün göze görünmezdi» diýip, ol ynanýar.