Köp işläp, az gazanç edýärler, öý hojalygynyň agramyny öz eginlerinde göterýärler: Merkezi Aziýadaky aýallar

Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen "Aýallar üçin mynasyp durmuş üçin" atly mitingde bir aýal. Mart, 2022-nji ýyl

Merkezi Aziýa ýurtlarynda aýallaryň ýokary bilim derejesi ykdysady garaşsyzlyk we syýasy täsir gazanmagyna ýol açmaýar. Barlagçylaryň pikiriçe, bu kök uran gurluş päsgelçilikleri, patriarhal garaýyşlar we diskriminasiýa, kemsitme tejribeleri bilen baglanyşyklydyr.

Bütindünýä Ykdysady forumynyň global gender tapawutlarynyň indeksinde Merkezi Aziýanyň dört ýurdy reýtingiň iň aşaky orunlarynda ýerleşdirilýär. Türkmenistan bu seljermä goşulmandyr.

Dört ýurduň hemmesi, kadadan çykma bolmazdan, geçen ýylyň dowamynda öňki orunlaryny ýitirip, görkezijileri ep-esli peseldi. Iň uly pese gaçma Gazagystan bilen bagly boldy. Mundan ozalky ýyl 76-njy orunda ýerleşdirilen Gazagystan bu gezek 92-nji orna düşdi. Gyrgyzystan 90-njy orundan 95-nji orna, Özbegistan 108-nji orundan 110-njy orna we Täjigistan 112-nji orundan 129-njy orna düşdi. Indeks jemi 148 ýurdy öz içine alýar.

Gazagystanyň "başarnyksyzlygy", esasan, ykdysady gatnaşyk we bilim babatda görkezijileriň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Syýasy hukuklar we mümkinçilikler babatda gazagystanly aýallar erkeklerden ep-esli yza galýarlar. Indeksi düzüjileriň maglumatlaryna görä, erkekler bilen bir wezipede işleýän aýallar üçin girdeji we aýlyk tapawudy artdy we ministrlik wezipelerinde işleýän aýallaryň sany azaldy.

Gyrgyzystanyň Batken sebitindäki tikinçilik fabridinde işleýän aýallar.

Şol bir wagtyň özünde, aýallar öý işlerine erkeklerden üç esse köp wagt sarp etmegi dowam etdirýärler. Takyk sanlarda munuň üçin aýallaryň günde dört ýarym sagat töweregi, erkekleriň bolsa bir ýarym sagat wagt sarp edýändigi görkezilýär.

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, eger sebitdäki aýallar erkekler bilen deň derejede işläp, aýlyk alsalar, milli girdeji Gazagystanda 27 göterim, Täjigistanda bolsa 63 göterim aralygynda artar. Özbegistanda aýallaryň we erkekleriň arasyndaky aýlyk tapawudynyň aradan aýrylmagy 700 müňden gowrak adamy garyplykdan çykaryp biler.

Gyrgyzystanda ykdysady gatnaşyk derejesi boýunça görkezijiler pese gaçdy. Girdeji tapawutlary artdy we ýokary wezipelerde işleýän zenanlaryň sany azaldy.

Işsiz aýallaryň sany artýar (2024-nji ýylda 4,42 göterim, 2025-nji ýylda 6,17 göterim), erkekleriň işsizlik derejesi bolsa, tersine, 0,1 göterim azaldy. Maglumat tehnologiýalary pudagynda aýallaryň sany azaldy, şeýle hem aýal ýolbaşçylary bolan kompaniýalaryň sany boýunça görkeziler hem ep-esli peseldi (tas 33 göterimden 21,70 göterime çenli).

Özbegistanda hem, ýurduň reýtingde pese gaçmagyna sebäp bolan esasy faktor ykdysadyýet boldy. Deň iş üçin aýlyk haklarynyň we umumy girdejiniň ara tapawudy artdy. Şol bir wagtyň özünde, aýallaryň gözegçilik paýyna eýe bolan kompaniýalaryň sany artdy, ýöne ýolbaşçy wezipelerdäki aýallaryň sany azaldy.

Sebitde iň pes görkezijä eýe bolan Täjigistanda syýasy görkezijilerden başga ähli görkezijiler pese gaçdy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, işleýän ýa-da iş gözleýän aýallaryň sany azaldy.

Gyz çagalarynyň başlangyç mekdeplere barmagynyň ähtimallygy oglanlara garanyňda has pes derejede bolup, bu tapawut 1,64 göterimden 8,05 göterime çenli artdy.

Merkezi Aziýanyň ähli döwletlerinde iň uly gender tapawudy syýasy blokda bar. Parlamentdäki aýallaryň we zenan ministrleriň sany erkeklerden has az. BMG-niň parlamentde 30 prosent zenanlar ölçegine laýyk gelýän ýeke-täk ýurt Özbegistandyr. Onuň kanun çykaryjy edarasynyň 38 göterimini zenanlar emele getirýär.

Şol bir wagtda, Özbegistan ýurtda ministr wezipelerini eýeleýän zenanlaryň sany boýunça sebitde iň pes görkezijä eýe bolup, bu bary-ýogy 4,76 prosente barabardyr. Iň gowy görkezijiler Gazagystana we Täjigistana degişli bolup, olarda bu görkeziji degişlilikde 14,49 göterime we 14,29 göterime deňdir.

Makala gysgaldylan görnüşde terjime edildi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.