Kosowa türk “Baýraktarlaryny” satyn alýar

Kurti Facebookda goranmak ministri bilen pilotsyz uçaryň öňünde düşen suratyny poaýlaşdy

Balkan ýurdunyň demirgazykda, etniki serbleriň Pristina häkimiýetlerini ykrar etmekden ýüz öwürmegi bilen ýüzbe-ýüz bolan tolgunyşyklarynyň arasynda, Kosowo Türkiýede öndürilen “Baýraktar” dronlaryny satyn aldy diýip, premýer-ministr Albin Kurti 16-njy iýulda aýtdy.

Howpsuzlyk çykdajylary ýurdy has howpsuzlaşdyrýar diýip, Kurti Facebookda goranmak ministri bilen pilotsyz uçaryň öňünde düşen suratynyň aşagynda ýazdy.

Ol pilotsyz uçarlaryň düşen bahasyny ýa-da olaryň näme üçin ulanyljakdygyny aýtmady.

Kurti öz hökümetiniň soňky iki ýylda goşun sanyny 80%, goranyş býujetini bolsa 100%-den gowrak ýokarlandyrandygyny aýtdy.