Kreml Putiniň Prigožin bilen duşuşandygyny aýdýar

Ýewgeniý Prigožin

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň 29-njy iýunda, Moskwa 200 kilometr çemesi golaýlanda öňi alnan gysga wagtlyk pitneden bäş gün soň, hususy "Wagner" hakyna tutma toparynyň başlygy Ýewgeniý Prigožin bilen duşuşandygyny aýtdy.

Peskow 10-njy iýulda žurnalistler bilen bolan duşuşygynda bu ýygnanyşygyň “Wagneriň” bölüm komandirleriniň gatnaşmagynda, 35 adamy öz içine alan üç sagatlyk ýygnagyň bir bölegi bolandygyny, olaryň rus liderine özleriniň onuň üçin Ukraina garşy uruşda söweşjekdiklerini aýdandyklaryny aýtdy.

Peskow Prigožiniň edil häzirki wagtda nirededigini aýtmady. Ol Fransiýanyň “Liberation” gazetiniň ilkinji bolup habar beren duşuşygy barada goşmaça maglumat bermedi.