Krymda Russiýanyň dikme polisiýasy tatar aktiwistini saklady

Lutfiýe Zudiýewa

Ukrainanyň Moskwa tarapyndan anneksirlenen Krym ýarymadasynda Russiýanyň dikme polisiýasy krymly tatarlaryň adam hukuklary boýunça aktiwisti Lutfiýe Zudiýewany saklady. Bu 22-nji fewralda aktiwistiň öýüniň dökülmeginden soň amal edildi. Bu barada, Zudiýewanyň hem agzasy bolan, adam hukuklary boýunça “Krym raýdaşlygy” topary mälim etdi.

Aktiwistiň näme sebäpden öýüniň dökülendigi we soňy bilen saklanandygy doly aýdyň däl.

Zudiýewanyň adamsynyň “Krym raýdaşlygy” toparyna aýtmagyna görä, ofiserler onuň aýalynyň kompýuterini, mobil telefonlaryny dagy ele geçiripdirler.

Russiýa 2014-nji ýylda Krymy bikanun ýagdaýda anneksirländen soňra, Moskwa sebitde ýaşaýan etniki tatarlara basyş edip başlady. Krymly tatarlaryň aglabasy Russiýanyň anneksiýasyna açyk garşy çykypdylar.