Kulibaýew holdingi býujete geçiren 363 milliard teňňesini 'meýletin kömek' atlandyrdy

Timur Kulibaýew, Dinara Kulibaýewa

Timur Kulibaýew we Dinara Kulibaýewa bilen baglanyşykly ALMEX holding kompaniýasy 2025-nji ýylda respublikanyň býujetine salgyt däl girdeji hökmünde 363,1 milliard teňňe geçirdi. Kompaniýa bu serişdeleriň meýletin geçirilendigini we aktiwleri yzyna gaýtarmak prosesi bilen baglanyşykly däldigini aýtdy.

“Forbes Gazagystan” žurnalynyň maglumatlaryna görä, bu serişdeler üç tapgyrda gelip gowuşdy: 2025-nji ýylyň fewral aýynda 139,1 milliard teňňe, awgust aýynda 53,4 milliard teňňe we noýabr aýynda 170,6 milliard teňňe geçirildi.

Neşir bularyň salgyt däl-de, “salgyt däl girdeji” kategoriýasy boýunça geçirilen serişdeler bolandygyny belleýär.

ALMEX bu serişdeleriň geçirilmegini telekeçiligiň sosial jogapkärçiliginiň çägindäki amal we prezidentiň haýyşlaryna jogap hökmünde düşündirdi. Holding mundan öňem sosial taslamalara serişde geçirendigini we bu tejribäni "Halyk" gaznasy arkaly dowam etdirmegi maksat edinýändigini belledi.

“Bloomberg” ozal Kulibaýew bilen gazak hökümetiniň arasynda takmynan 1 milliard dollar möçberindäki töleg barada gepleşik geçirilen bolmagynyň mümkindigini habar beripdi, ýöne bu maglumat resmi taýdan tassyklanmady. Baş prokuratura bu hili işlerde aýyplanýanlar baradaky maglumatlaryň gizlin saklanylýandygyny belledi.

59 ýaşly Timur Kulibaýew Nursoltan Nazarbaýewiň döwründe Gazagystanyň işewür elitasynyň iň täsirli agzalarynyň biri hasaplanýardy. Ol nebit we gaz pudagynda möhüm wezipeleri eýeledi we uly biznes gurdy.

“Forbes” žurnalynyň hasaplamalaryna görä, Timur we Dinara Kulibaýewleriň her biriniň 2026-njy ýyldaky baýlygy takmynan 5,4 milliard dollara deň bolmaly.