Kursk söweşleri dowam edýär, Russiýa goşmaça ewakuasiýa çärelerini görýär

Russiýanyň Kursk sebitiniň resmileri Gluşkow etrabynyň ähli parahat ilatynyň hökmany suratda göçürilmegini buýurdy.

Kursk sebitiniň häkiminiň wezipesini ýerine ýetiriji Alekseý Smirnow bu çäräni yglan edip, 15-nji awgustda telegramda ýerleşdiren ýazgysynda ýerli ilaty "häzirki ýagdaýa düşünmek bilen garamaga hem-de howpsuzlyk edaralarynyň we ýerli häkimiýetleriň berýän görkezmelerine boýun bolmaga” çagyrdy.

Ukrain häkimiýetleri 14-nji awgustda Kursk sebitindäki gumanitar ýagdaýdan alada galýandyklaryny bildirdiler we ýaşaýan ýerlerinden göçürilen ruslara, şol sanda Ukraina ewakuasiýa edilmegini isleýänlere kömek bermek tagallalaryny yglan etdiler.

"Ukraina halkara ynsanperwer hukugynyň ähli kadalaryny berjaý edýär. Biz Kursk sebitiniň parahat ilatyny zerur bolan gorag we ynsanperwer goldawy bilen üpjün ederis" diýip, Reintegrasiýa ministrligi Facebookda ýerleşdiren habarynda ýazdy.

Gluşkow etraby sebitiň Sudja etrabynyň golaýynda, Ukraina 6-njy awgustda Russiýanyň çägine harby hüjüme geçeli bäri iň güýçli söweş sahnasyna öwrülen ýeriň alkymynda ýerleşýär. Bu ýeriň uruşdan öňki ilaty 200 çemesi adamdy.

Ukrain resmileri Russiýanyň çäginde 74 sany ilatly nokada we 1000 inedördül kilometre çenli ýere gözegçilik edýändiklerini öňe sürdüler.

Söweş meýdanynda bolýan wakalar barada aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda barlap we tassyklap bolmaýar.

Russiýa Kursk sebiti üçin federal adatdan daşary ýagdaý düzgünini, goňşy Belgorod sebiti üçin bolsa sebit adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdi. Şeýle-de, Moskwa Kursk, Belgorod we Brýansk sebitlerinde "terrorçylyga garşy operasiýa" geçirjekdigini aýtdy.

Ukrain goşuny 15-nji awgustda Russiýanyň öten agşam ýurduň azyndan dokuz sebitini raketa we pilotsyz uçar hüjümleri bilen nyşana alandygyny aýtdy. Raketalaryň we dronlaryň köpüsiniň Russiýanyň içindäki howa bazalaryndan atylandygy we uçurylandygy aýdylýar. Şeýle-de goşun 29 sany pilotsyz uçaryň "ýok edilendigini" habar berdi.

Ukrain goşuny 14-nji awgust güni giçlik Russiýanyň Woronež, Kursk we Nižniý Nowgorod sebitlerinde ýerleşýän howa bazalarynyň dört sanysyna garşy pilotsyz uçar zarbalaryny urup, olara agyr zyýan ýetirendigini tassyk etdi.

Ukrainanyň howpsuzlyk gullugyndaky bir çeşme biraz öň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna munuň rus howa bazalaryna 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri, Moskwa Ukraina garşy giň gerimli urşa başlanyndan soň edilen iň uly hüjüm bolandygyny aýtdy.

Şu aralykda, sebit häkiminiň aýtmagyna görä, rus güýçleri 14-nji awgustda Ukrainanyň günortasyndaky Odesa şäherine ballistik raketa hüjümini etdi. Port infrastrukturasyna urlan zarba galla daşaýan awtoulagyň sürüjisini ýaralady.