Kuweýt kenarynda duran tankerde bolan partlamadan soň suwa nebit syzdy

Bezeg suraty

Kuweýt kenaryndaky tankerde bolan partlamadan soň nebit döküldi diýip, Britaniýanyň Deňiz söwdasy we Gämiçilik utgaşdyrmasy edarasy (UKMTO) habar berdi.

Edaranyň maglumatyna görä, bu waka 4-nji mart agşamy Kuweýtiň Mubarak al-Kabir portunyň günorta-gündogarynda, 30 deňiz mili (55,5 kilometr) uzaklykda ýüze çykdy. Kuweýtiň Içeri işler ministrligi wakanyň ýurduň territoriýa suwlaryndan daşarda, portdan azyndan 60 kilometr uzaklykda bolandygyny anyklady.

Kenarda duran tankeriň kapitany UKMTO-a beren habarynda çepdäki bort tarapda güýçli partlamanyň bolandygyny görendigini we onuň sesini eşidendigini, şeýle-de, soň bu ýerden daşlaşan kiçi gämini görendigini aýtdy.

"Ýük tankerindäki nebitiň suwa syzyp çykýandygy anyklandy, bu bolsa käbir ekologiýa netijelerine getirip biler" diýlip, beýanatda aýdylýar. Merkez gäminiň suwa girýändigini, ýangyn habarynyň bolmandygyny we ekipažyň howpsuzdygyny belledi.

Tankeriň haýsy ýurduň baýdagyny göterýändigi we haýsy ýurduň nebitini daşaýandygy anyklanmady.

ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy gurnan harby operasiýasy başlanaly bäri, bu tankerlere edilen ilkinji hüjüm däl. UKMTO mundan öň Omanyň we BAE-niň kenarlaryndaky gämilere edilen hüjümler barada habar berdi.