Latwiýa şu ýyl içgili sürüjilerinden konfiskasiýa edilen 270-den gowrak awtoulagy Ukraina berdi. Bu ulaglaryň umumy bahasy takmynan 1,1 million dollar diýip, Latwiýanyň Delfi habar portaly 25-nji dekabrda habar berdi.
Latwiýanyň parlamenti fewral aýynda konfiskasiýa edilen ulaglary Ukraina mugt bermeli diýen karara geldi.
Russiýanyň urýan howa zarbalary we 2022-nji ýylyň başynda, Moskwanyň başlan urşundan bäri, Ukrainada barýan söweşler netijesinde raýat awtoulaglary yzygiderli zaýalanýar ýa-da ýok edilýär.
Uruşdan has köp zyýan çeken sebitlerden gaçyp çykmaga synanyşýan ukrain raýatlary bu hili ulaglara ýiti mätäçlik çekýär.