Lukaşenka Hytaýda hyzmatdaşlygy, Ukrainadaky urşy maslahat etdi

Belarusyň lideri Aleksandr Lukaşenka (sagda) Hytaýyň prezidenti Si Szinping bilen Pekinde

Belarusyň lideri Aleksandr Lukaşenka 4-nji dekabrda Hytaýa edýän saparynyň çäklerinde prezident Si Szinping bilen geçiren gepleşiklerinde, iki ýurduň arasyndaky diplomatiki we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny, şeýle-de Ukrainadaky dowam edýän urşy maslahat etdi.

Hytaý mediasyna görä, Si Lukaşenka Hytaýyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda BMG ýaly halkara guramalaryň üsti bilen pugtalyndyrmaga taýýardygyny aýdypdyr.

Duşuşykda iki ýurduň hem ýarany Russiýa tarapyndan Ukraina garşy başladylan uruş hem maslahat edilipdir.

Belarusyň döwlet mediasy şu ýylyň hasabyna liderleriň geçiren ikinji duşuşygynyň üç sagatdan hem aşa wagt dowam edendigini habar berdi.