Makron Günbatar güýçlerini Ukraina ibermek mümkinçiligini aradan aýyrmaýandygyny gaýtalady

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makro

14-nji martda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Günbatar güýçlerine Russiýanyň öňünde gowşaklygy görkezmezlik barada duýdurdy, şeýle-de Günbatar güýçleriniň Ukraina ibermek mümkinçiligini aradan aýyrmaly däldigi baradaky pikirini ýene bir gezek gaýtalady. Makron bu mümkinçilik barada geçen aý jemgyýetçilige mälim etdi.

Makron Fransiýanyň milli telewideniýesine beren interwýusynda “Häzirki gün biz entek bu ýagdaýda däl” diýdi, soňundan hem “bularyň ählisi mümkindir” diýip, sözüne goşdy.

Fransiýanyň Ýaragly güýçleriniň baş serkerdebaşysy Makron, haýsy ýagdaýda fransuz güýçleriniň Ukraina ugradylyp bilinjekdigi baradaky soragy jogapsyz goýdy.