Mari El häkimiýetleri iki türkmenistanlyny öýlerine ugratdy

Bezeg suraty

Russiýanyň Mari El sebitinde ýaşaýan daşary ýurtlularyň birnäçesi, immigrasiýa kanunlaryny bozandyklary üçin, ýurtdan çykaryldy diýip, “Marimedia” neşiri habar berýär.

Habarda anyklaşdyrylmagyna görä, Azerbaýjanyň üç raýaty, Türkmenistanyň iki raýaty we Täjigistanyň bir raýaty uçara çenli ugradyldy.

Türkmenistanyň ýurtdan çykarylan raýatlary Orsýete 2022-nji we 2023-nji ýyllarda gelipdirler. Ýöne olar, ýaşamak üçin berlen möhletleri tamamlananyndan soň hem, öz islegleri bilen ýurtdan çykmandyrlar we ýaşamak möhletlerini uzaltmandylar.

Habarda olaryň ne patentleriniň, ne-de iş rugsatnamalarynyň bardygy bellenýär.