Marokka ýer titremesinde ölenleriň sany 2000-den geçýär

Marokkadaky ýer titremesinde ölenleriň sany iki müňden geçdi, 2059 ýaraly hasaba alyndy, 1,404 adamyň ýagdaýy agyr diýip, “Roýters” habar gullugy ýurduň Içeri işler ministrligine salgylanyp habar berýär.

"Associated Press" pidalaryň sanynyň has köp bolmagynyň ähtimaldygyny, halas edijileriň ýer titremesinden ejir çeken ýerleriň ählisine baryp bilmändigini belleýär.

Mundan öň ýer titremesinde ölenleriň sanynyň 1037 adam bolandygy, ýer titremesinde 1200-den gowrak adamyň ýaralanandygy aýdylypdy.

“Roýters” habar gullugynyň maglumatlaryna görä, Ýokary Atlas dag gerşinde bolan ýer sarsgynynyň güýji 7,2 derejesinde boldy.

Başda, ABŞ-nyň Geologiýa gözleg gullugynyň deslapky çaklamalary esasynda, ýer sarsgynynyň güýjüniň 6,8 derejesinde bolandygy, soňky sarsgynlaryň güýjüniň biraz pes bolandygy aýdyldy.