Media: Italiýanyň öňki premýeri Silwio Berluskoni aradan çykdy

Silwio Berluskoni. Arhiw suraty

Italiýanyň iň uly metbugat kompaniýasyny döreden milliarder telekeçi, Italiýanyň dört gezek premýer-ministri bolan Silwio Berluskoni aradan çykdy diýip, italýan metbugaty 12-nji iýunda habar berdi.

Ol 86 ýaşyndady. Berluskoni “biraz wagt bäri” leukaemiadan ejir çekýärdi, ýaňy-ýakynda bolsa oňa öýken infeksiýasy ýokuşdy.