12 ýyldan gowrak wagt mundan ozal Kamaldin Teşebaýewiň we onuň aýalynyň uly maşgalasy bardy: üç ogul, üç gelin we 16 agtyk. Olar Gyrgyzystanyň günorta-günbatar bölegindäki Kyzyl-Kiýa şäherçesinde adaty durmuşda ýaşaýardylar.
Ýöne 2014-nji ýylda maşgalanyň durmuşy agdaryldy: Russiýada zähmet çekýän ogullarynyň biri şol wagtlar sebitde işjeň ornaşmaga synanyşýan "Yslam döwleti" (YD) toparyna goşulmak üçin aýaly we çagalary bilen Siriýa gitdi. Köp wagt geçmänkä, beýleki doganlary hem onuň yzyndan şol ýere gitdiler.
Häzirki wagtda ýaşy ýetmişden geçen Teşebaýew ogullarynyň üçüsiniň we agtyklarynyň üçüsiniň Siriýada heläk bolandygyny aýdýar.
YD Yrakda we Siriýada eýelän territoriýalaryna bolan gözegçiligi ýitirenden soň, daşary ýurtly söweşijileriň we olaryň maşgala agzalarynyň on müňlerçesi tussag edildi ýa-da lagerlere ýerleşdirildi. Yrakda, YD-niň gözegçiligindäki sebitlere göçüp baran köp sanly daşary ýurtly aýal — şol sanda söweşijileriň aýallary — soňra ýerli terrorçylyga garşy göreş kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilige çekildi.
Degişli maglumat
"Uzak möhletli täzeden dikeldiş işleri zerur". Siriýadan Gyrgyzystana 95 adam gaýdyp geldiÖz-özüni "halifat" diýip yglan eden gurama ýykylandan soň, Teşebaýewiň gelinleri hem Yragyň türmelerine düşdüler. Teşebaýew aýalynyň olary "öýe dolandyrmak" maksady bilen Siriýa gidendigini, ýöne ahyrsoňy özüniň hem türmä düşendigini aýdýar. Onuň işi baradaky jikme-jiklikleri garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklamak mümkin bolmady, emma maşgala onuň hem terrorçylyk bilen baglanyşykly aýyplamalar esasynda saklanýandygyny öňe sürýär.
"Häzir men ýeke galdym. Ýöne agtyklarymy yzyna getirendigi üçin prezidentimize we hökümetimize minnetdar" diýip, Teşebaýew aýdýar. "Olar indi ulaldylar; olaryň ikisi ýaňy-ýakynda öz maşgalalaryny gurup başladylar."
Onuň diri galan 13 agtygy, ene-atalary YD-niň hatarynda söweşen we Gyrgyzystana yzyna getirilen 79 çaganyň arasyndady. Olar 2021-nji ýylda geçirilen ynsanperwerlik operasiýasy mahalynda Yrakdan çykaryldy. Gyrgyzystan we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary öz raýatlaryny — esasan hem aýallary we çagalary — yzyna dolandyrmak üçin ýerli häkimiýetler we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda şeýle çäreleri guradylar.
Yzyna dolanmak barada täze umyt
Teşebaýew 14-nji sentýabrda Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarowyň administrasiýa binasynyň öňünde ýygnanan we Yragyň türmelerinde saklanýan maşgala agzalarynyň yzyna gaýtarylmagyny talap eden onlarça adamyň hataryna goşuldy. Gyrgyzystanyň resmileriniň maglumatyna görä, häzirki wagtda ýurduň 41 raýaty Yragyň türmelerinde saklanýar. Olaryň köpüsi "Yslam döwleti" (YD) toparynyň söweşijileriniň aýallary ýa-da zenan garyndaşlarydyr.
Degişli maglumat
Gyrgyz çagalary Yrakdan ene-atasyz gaýdyp geldilerÝakynlarynyň yzyna dolanmagy üçin uzak wagtlap tagalla eden maşgalalarda indi täze umyt döredi. Awgust aýynda Yragyň Adalat ministrligi YD bilen baglanyşygy bar diýlip güman edilip saklanýan takmynan 6000 daşary ýurt raýatynyň watanyna gaýtarylmagy meselesine seredilýändigini yglan etdi.
Teşebaýewiň aýtmagyna görä, onuň aýaly we gelinleri oňa Yrakdan jaň edip, öýlerine dolanmak we jezany öz ýurtlarynda çekmek barada aýdyp, güýçli isleg bildirýärler.
Bu makala ýazylan wagtynda, Gyrgyzystanyň resmileri maşgalalaryň ýüzlenmelerine entek jogap bermediler.
'Çydap bolmajak derejede agyr'
Prezidentiň administrasiýasyndan kömek sorap ýüz tutanlaryň arasynda Rahima Nizamowa hem bardy; onuň 41 ýaşly gyzy Zebo Aliýewa sekiz ýyldan gowrak wagt bäri Yragyň Rusafa türmesinde saklanýar.
Nizamowanyň sözlerine görä, Aliýewa 2015-nji ýylda Türkiýede işläp ýörkä, onuň adamsy — YD-nyň söweşijisi — ony Yrakda özüne goşulmaga razy edipdir.
Nizamowa gyzynyň dört çagasyny terbiýeleýär. Gyrgyz hökümeti olary 2021-nji ýylda watanyna gaýtardy.
"Bu meniň üçin çydap bolmajak derejede agyr. Bir göz öňüne getiriň: çagalaryň ejesi türmede otyr. Mende süýji keseli we ýürek meseleleri döredi" diýip, ol aýdýar.
Nizamowa iň kiçi agtygynyň ejesi tussag edilende çaganyň bary-ýogy sekiz aýlyk bolandygyny, häzir bolsa onuň dokuz ýaşyndadygyny belleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.