Merkezi aňtaw gullugy Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Putiniň rezidensiýasyna hüjüm edendigine ynanmady

Merkezi aňtaw gullugynyň baş edarasynyň ýokardan düşürilen suraty

Amerikanyň aňtaw gulluklary Ukrainanyň Wladimir Putiniň Nowgorod sebitiniň Waldaý diýen ýerindäki rezidensiýasyna hüjüm etmäge synanyşmandygy baradaky netijä geldiler.

Bu barada CNN, “New York Times” we “Wall Street Journal” neşirleri, ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň beren bahalaryna salgylanyp habar berdiler.

Metbugat maglumatlaryna görä, Merkezi aňtaw gullugynyň direktory Jon Retkliff 31-nji dekabrda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa aňtaw gullugynyň Orsýetiň rezidensiýa hüjüm edilendigi baradaky beýanatlaryny ygtybarly hasaplamaýandygyny aýtdy.

“Wall Street Journalyň” çeşmesiniň tassyklamagyna görä, Merkezi aňtaw gullugy pilotsyz uçar hüjüminiň bolandygyny tassyklady, ýöne onuň nyşanasynyň Nowgorod sebitinde öňem hüjüm edilen harby desga bolandygyna ynanýandygyny aýtdy.

Tramp brifinginden soň öz “Truth Social” sosial media hasabynda “New York Post” gazetiniň Orsýeti tankyt edýän baş makalasynyň salgysyny ýerleşdirdi.

“Roýtersiň” çeşmesi bu makalanyň Trampyň Retkliff bilen eden söhbetdeşliginden soň peýda bolandygyny habar berdi, ýöne olaryň maglumat brifinginiň jikme-jikliklerini açmady.

Orsýet Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň hüjüminiň Putiniň rezidensiýasyna gönükdirilendigini tassyklamagyny dowam etdirýär.