Merkezi Aziýa diplomatlary Kabulda "Talybanyň" daşary işler ministri bilen duşuşdy

“Talyban” hereketiniň daşary işler ministri Amir Han Muttaki

5-nji aprelde Kabulda, "Talyban" hereketi 2021-nji ýylda Owganystanda häkimiýete geleli bäri, bu ýurduň DIM-niň başlygy bilen Merkezi Aziýa diplomatlarynyň arasyndaky ilkinji giňeldilen duşuşyk geçirildi.

Owgan we türkmen metbugatynyň habaryna görä, “Talyban” hereketiniň daşary işler ministri Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň diplomatlary gatnaşdylar.

Taraplar syýasat, ykdysadyýet we howpsuzlyk, şeýle-de sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, söwdany giňeltmek we üstaşyr gatnaw ugurlary meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, Owganystanyň Merkezi, Günorta we Günbatar Aziýanyň arasyndaky üstaşyr geçelge merkezi hökmündäki roluna aýratyn üns berildi diýip, habarlarda bellenýär.

Muttaki Kabulyň sebitdäki ýurtlar bilen söwda dolanyşygyny geljekki üç-dört ýylyň dowamynda 10 milliard dollara çenli artdyrmagy maksat edinýändigini aýtdy diýip, metbugat onuň sözlerine salgylanýar.

TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisi ara alnyp maslahatlaşylan esasy taslamalaryň biri boldy. “Talybanyň” maglumatlaryna görä, ýurtda geçirijiniň takmynan 25 kilometre golaýy guruldy we onuň durmuşa geçirilmegine sebitiň ykdysady integrasiýasynyň esasy faktory hökmünde seredilýär.