Merkezi Aziýaly söweşijiler üçin Siriýa duzagy: Asady agdaranlar täze düzgüne uýgunlaşyp bilmediler

Russiýa gaçan we häkimiýetden agdarylan prezident Başar Asadyň portretini ýakýan Haýat Tahrir aş-Şam toparynyň Siriýada häkimiýeti ele geçiren söweşijileri

Siriýadaky özbek gelip çykyşly söweşijiler dünýä habar serişdeleriniň sözbaşylaryna çykdy. Maý aýynyň başynda Idlibde olaryň bir watandaşy tussag edilenden soň geçirilen protestden soň, olaryň ondan gowragy hem tussag edildi. Şondan soň ýurduň demirgazyk-günbataryndaky welaýatda Özbegistandan gelenlere garşy reýdler geçirildi. Bu wakalar Başar Asad agdarylandan soň daşary ýurtly söweşijileri ýaragsyzlandyrmaga synanyşýan Siriýanyň täze hökümetiniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny açyp görkezdi. Şeýle-de olar Merkezi Aziýadan daşary ýurtlara söweşmäge giden adamlaryň geljeginiň nähili boljakdygy baradaky soraglary hem ýüze çykardy.

6-njy maýa geçilýän gije Idlibdäki Kafriýa we al-Fua etraplary tümlüge bürendi: tok öçürildi, mobil aragatnaşyk kesildi. Köçelere Siriýa howpsuzlyk güýçleri girizildi. Reýdiň şaýady bolan etniki özbegiň aýtmagyna görä, şol operasiýa wagtynda onuň 18 watandaşy tussag edilipdir.

“[Siriýanyň howpsuzlyk güýçleriniň wekilleri] Idlibe örän uly ýaragly topar bilen girdiler, özbekleriň öýlerine zor bilen girdiler. Käbirlerini tussag etmezden öň urdular. Häzir köp adam olaryň haýsy türmä alnyp gidilendigini bilenok. Iki gün yzygiderli tok öçürilip, reýdler geçirildi. Näme üçin bu reýdleriň geçirilendigi, näme üçin şol özbekleriň tussag edilendigi barada hiç kime hiç zat aýdylmady” diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy, ýagny Ozodlik bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Reuters agentliginiň Siriýanyň resmi işgärlerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, Idlibdäki operasiýa özbek söweşijileriniň protest çykyşyndan soň başlandy. Olar hökümetiň howpsuzlyk güýçlerine garşy ot açmakda aýyplanýan watandaşlaryny boşatmagy talap edip köçä çykdylar. Özakymyna ýüze çykan bu çykyş döwlet edaralarynyň biriniň öňünde çaknyşyk bilen tamamlandy.

Özbek söweşijiler nämeden närazy?

Idlibdäki bir özbegiň aýtmagyna görä, özbek gelip çykyşly köp söweşiji Siriýanyň häzirki prezidenti Ahmed al-Şaraanyň alyp barýan syýasatyndan nägilelik bildirýär. Köpüsi 2024-nji ýylyň dekabrynda Başar Asadyň režiminiň synmagyna getiren Damaska garşy uly hüjüm wagtynda öň hatarda bolan özbeklere onuň dönüklik edendigine ynanýar. Söweşijileriň arasynda al-Şaraanyň iň ýokary döwlet wezipesine geçenden soň özbeklere garşy birtaraplaýyn garaýşa eýe bolandygy baradaky pikir giňden ýaýran.

“2026-njy ýylda birnäçe özbek söweşijisi sebäpsiz tussag edildi we olar barada 4-5 aýlap hiç hili maglumat berilmedi. Häzirem adalatsyz ýagdaýda türmede saklanýan özbekler bar. Bu adamlaryň tussag edilmeginiň sebäbi hiç haçan düşündirilmedi. Şonuň üçin özbek söweşijileri Idlib şäherinde birnäçe gezek protest geçirdiler, iki gezek bolsa Maarat-Misrin şäherindäki howpsuzlyk dolandyryşynyň öňünde ýygnandylar. Hawa, bu ýigitleriň elinde ýarag bardy, ýöne olaryň hiç biri ok atmady. Siriýada ýarag götermek adaty paket götermek ýaly aňsatdy, diňe häzir bu ýagdaý kem-kemden gadagan edilýär. Siz köçede Kalaşnikow awtomaty ýa-da ýönekeý sapança bilen gezip bilýärdiňiz. Olar Idlibiň dükanlarynda açyk satylýardy. Sapançalaryň bahasy 150 dollardan, Kalaşnikowlaryň bahasy bolsa 200 dollardan başlanýar. Ýarag henizem erkin satylýar” diýip, söhbetdeş aýdýar.

Siriýadaky özbek gelip çykyşly söweşijileriň anyk sany belli däl. Reuters agentligi Siriýanyň howpsuzlyk güýçlerindäki çeşmä salgylanyp, geçen ýyl olaryň sanynyň takmynan bir ýarym müň bolandygyny habar berýär. Idlibdäki söweşijiniň sözlerine görä bolsa, Siriýada 4–5 müň çemesi özbek bolup biler. Olar maşgalalary- aýallary we çagalary bilen ýaşaýarlar.

Başar Asadyň režimi ýykylandan soň sosial ulgamlarda çap edilen Siriýadaky özbek söweşijileriniň suratlary

Amerikaly syýasatşynas hem-de Merkezi Aziýadaky dini ekstremizm, syýasy zorluk we yslam meseleleri boýunça öňdebaryjy bilermen bolan Noah Takeryň pikirine görä, özbek gelip çykyşly söweşijilere garşy geçirilen reýdler soňky bir ýarym ýylyň dowamynda dowam edýän prosesiň bir bölegi bolup durýar. Bu ýagdaý Ahmed al-Şaraanyň “Haýat Tahrir aş-Şam” (HTŞ, “Lewanty Azat Etmek Guramasy”) koalisiýasy Siriýany gözegçilige alaly bäri dowam edýär.

“Bu koalisiýa dürli toparlarda söweşen köp özbek girdi. Hususan-da, gürrüň ‘Tauhid wal-Jihad’ ýa-da ‘Katiba Tauhid wal-Jihad’ toparyna degişli adamlar barada gidýär. Bu topar hem-de onuň resmi ýolbaşçylary ideologiýa taýdan ‘Al-Kaýda’ toparyna örän ýakyn bolmagynda galýar. ‘Tauhid wal-Jihod’ şol toparyň ideýalaryny kabul edip, olary ýaýratdy. Bu özbekleriň arasynda täze hökümete uýgunlaşmakda ýa-da onuň içinde öz ornuny tapmakda uly kynçylyk çekýänler, ownuk çaknyşyklara gatnaşmagyny dowam etdirýänler, şeýle-de häzirki hökümetiň we öňki brigadalarynyň serkerdeleriniň buýruklaryna boýun egmedikler bar” diýip, bilermen aýdýar.

“Uruşdan soň durmuşda öz ornuny tapmak hemmeler üçin aňsat däl”

Siriýanyň täze hökümeti 2011-nji ýyldan soň graždan urşuna Başar Asada garşy söweşýän gurluşlaryň tarapynda gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly jihadçy söweşijilere gözegçilik etmäge synanyşýar. Olaryň köpüsi Ahmed al-Şaraa bilen köp ýyllap bile söweşdi. Al-Şaraanyň özi hem 2016-njy ýyla çenli “Al-Kaýda” bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, soňra olar bilen gatnaşyklaryny kesendigini yglan edip, “Haýat Tahrir aş-Şam” guramasyny döretdi.

Soňky aýlarda al-Şaraa tarapyndan görkezilýän ortaça dünýewi syýasat radikallaşan toparlary kanagatlandyrmaýar. Geçen ýylyň dowamynda Ahmed al-Şaraanyň ýolbaşçylygyndaky Siriýa hökümeti Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ýakyn diplomatik we ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy hem-de geçen ýylyň noýabrynda terrorçylyga garşy bilelikde göreşmek barada Waşington bilen ylalaşyga geldi. Şeýlelikde, Siriýa “Yslam döwleti” toparyna garşy halkara koalisiýa goşuldy.

Noah Taker

“HTŞ-niň öňki söweşijileriniň käbiriniň halyfat gurmaga kömek edýändiklerine ynanandyklaryny çak etmek örän ýerliklidir. Emma häzir olaryň käbiri al-Şaraanyň Ak Tama gidendigine, bir wagt galstuk dakynandygyna, adyny üýtgedendigine we köp milletli hem köp dinli ýurda ýolbaşçylyk etmek niýetini bildirendigine gaharlanýar. Başga käbirleri bolsa uruşdan soň asuda durmuşa uýgunlaşmak üçin uly kynçylyk çekýärler, sebäbi olar ömrüniň köp bölegini gazaply söweşleriň merkezinde geçirdi. Uruşdan soň durmuşda öz ornuny tapmak hemmeler üçin aňsat däl. Şonuň üçin şeýle ýagdaýlar belli bir derejede garaşylýardy. Emma bu giň gerimli proses däl. Ýagny, gürrüň HTŞ-niň düzüminde söweşen özbek gelip çykyşly söweşijileriň köpüsi barada gitmeýär. Şeýle-de bolsa, täze hökümete uýgunlaşmakda we onuň içinde öz ornuny tapmakda kynçylyk çekýän adamlar bar” diýip, Noah Taker aýdýar.

Siriýanyň hökümeti köp daşary ýurtly söweşijiniň statusyny resmileşdirmäge synanyşýar. Hökümet olaryň müňlerçesini täze Siriýa goşunynyň düzümine goşdy. Käbir daşary ýurtlular hökümetde ýokary wezipeleri eýeledi. Mysal üçin, öňki iordaniýaly söweşijä prezidenti goramak tabşyryldy, ol indi Respublikan Gwardiýanyň serkerdesi bolup durýar. Awstraliýadan bolan başga bir öňki söweşiji bolsa 2025-nji ýylda ýurduň ykdysadyýetini halas etmek maksady bilen döredilen Siriýanyň Döwlet Gaznasyna ýolbaşçylyk edýär.

42 ýaşly Saýfiddin Täjibaýew (Täjigistandan bolan etniki özbek) täze Siriýa hökümetiniň goranmak ministrliginiň güýçleriniň düzümine hem goşuldy. Idlibdäki söhbetdeşiň aýtmagyna görä, ol öňki özbek gelip çykyşly söweşijileri birleşdirýän toparyň serkerdesi wezipesine bellenipdir. Emma ähli özbekler bu topara goşulmady.

“Saýfiddin Täjibaýew abraýy we derejesi üçin özüne wepaly adamlary töweregine ýygnady. Ol al-Şaraanyň wepaly hyzmatkäri. Häzir ol ‘Abu Ubaýda’ brigadasynyň serkerdesi, polkownik. Bu brigada iň uly özbek toparydyr. Beýleki toparlarda özbekler ep-esli az” diýip, adynyň aýdylmazlygyny islän Idlibli özbek gürrüň berýär.

Siriýada täze häkimiýetlere boýun egmekden ýüz öwürýän köp sanly toparlar henizem galýar. Reuters çeşmeleriniň maglumatyna görä, esasan ýurduň demirgazyk-günbatarynda, aýratyn-da Idlib welaýatynda ýerleşýän ýaragly toparlary ýaragsyzlandyrmak we integrasiýa etmek al-Şaraa hökümeti üçin iň kyn meseleleriň biri bolmagynda galýar.

Reuters agentligi ABŞ-nyň Siriýa täze döredilen goşun bölüminiň düzümine takmynan 3500 daşary ýurtly söweşijini (esasan Hytaýdan we goňşy ýurtlardan bolan uýgurlary) goşmaga rugsat beren meýilnamany makullandygyny habar berýär. ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Tomas Barrak amerikan häkimiýetleriniň bu kararyny düşündirip, Waşingtonyň bu söweşijileri döwlet institutlarynyň çäginde gözegçilikde saklamagy we olara barlag geçirmegi, olary dolandyryşsyz goýmakdan has gowy hasaplaýandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, ABŞ Siriýa hökümetinden olary döwlet gözegçiligine almagy, ýöne resmi gurluşlara integrasiýa etmezligi sorady.

2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Er-Riýadda Tramp bilen al-Şaraanyň duşuşygy

Merkezi Aziýadan gelen söweşijiler: olar Siriýa nädip bardylar we ýurtda näçesi galdy

Daşary ýurtly söweşijiler, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan adamlar ilkinji gezek Siriýada 2011–2012-nji ýyllarda graždan urşunyň ilkinji döwründe peýda boldy. Olar şol wagt Siriýanyň we Yragyň uly böleklerini ele geçiren “Yslam döwleti” topary başda bolmak bilen radikal yslamçy toparlara goşuldylar. Gözlegçileriň maglumatlaryna görä, işjeň söweş döwründe Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Täjigistandan we Türkmenistandan 2000-den 4000-e çenli adam bu konflikte gatnaşypdyr. Olaryň köpüsi 2014–2019-njy ýyllar aralygynda birnäçe halkara koalisiýasynyň we ýerli ýaragly güýçleriň bu topary ähli gözegçilik edýän ýerlerinden mahrum etmegi netijesinde heläk boldy.

Merkezi Aziýaly söweşijiler diňe bir “Yslam döwleti” toparynyň däl, eýsem “Jebhat an-Nusra” (häzirki “Haýat Tahrir aş-Şam”), şeýle hem “Katiba Tauhid wal-Jihad” we “Katiba Imam al-Buhari” batalýonlarynyň hatarynda hem söweşdiler.

“Katiba al-Imam al-Buhari” toparynyň esaslandyryjysy Akmal Jurabaýew

Katiba Imam al-Buhari toparyň esaslandyryjysy hökmünde Özbegistanyň Namangan welaýatyndan bolan Akmal Jurabaýew görkezilýär. Ol Şeýh Salahiddin lakamy bilen tanalýardy. Ol 2017-nji ýylyň aprelinde öldürildi. Bu toparyň häzirem barlygy, onuň düzüminde näçe söweşijiniň bolandygy we olaryň nirede ýerleşýändigi takyk belli däl. Emma resmi däl maglumatlara görä, ýolbaşçysy ölenden soň toparyň liderleriniň arasynda dawa ýüze çykypdyr we netijede topar dargapdyr. Söweşijileriň bir bölegi “Katiba Tauhid wal-Jihad” toparyna goşulypdyr, käbirleri beýleki ýerli terror toparlaryna geçipdir, ýene birnäçesi bolsa Siriýanyň we Türkiýäniň ýerli ilatynyň arasyna siňip gidipdir.

Esasan Özbegistandan bolan adamlar we sebitdäki etniki özbeklerden düzülen “Katiba Tauhid wal-Jihad” topary 2013-nji ýylda Siriýada Gyrgyzystanyň Oş welaýatyndan bolan Sirajiddin Muhtarow tarapyndan döredildi. Ol Abu Saloh al-Özbegi lakamy bilen tanalýardy. Ol 2022-nji ýylda Idlibdäki söweşijiler lagerine edilen rus zarbasy netijesinde öldürildi. Topar esasan Gyrgyzystandan we Özbegistandan bolan erkek adamlary Başar Asada garşy söweşmäge çagyrýardy.

Sirajiddin Muhtarow

Rus ýörite gulluklary “Katiba Tauhid wal-Jihad” toparyny 2017-nji ýylyň aprelinde Sankt-Peterburgyň metrosynda amala aşyrylan terrorçylykly hüjümi guramak bilen baglanyşdyrýardy. Şol hüjümde 15 adam ölüp, takmynan 100 adam ýaralanypdy. Rus derňewi Sirajiddin Muhtarowy şol terrorçylykly hüjümiň buýrujysy diýip atlandyrdy.

2017-nji ýylyň fewralynda “Katiba Tauhid wal-Jihad” topary “Al-Kaýda” bilen gatnaşyklaryny kesenden soň “Jebhat an-Nusra” esasynda döredilen täze “Haýat Tahrir aş-Şam” birleşigine goşuldy.

Özbegistanyň häkimiýetleri bu toparyň agzalaryny we tarapdarlaryny işjeň yzarlap gelýär. Ýurduň Ýokary kazyýeti 2016-njy ýylyň sentýabrynda “Katiba Tauhid wal-Jihad” toparyny terrorçylykly gurama diýip ykrar etdi. Onuň işi Gyrgyzystanyň çäginde hem gadagan edilendir.

Asadyň režimi ýykylandan soň Siriýada galan Merkezi Aziýaly söweşijileriň takyk sany belli däl. Olaryň umumy sany birnäçe müňe ýetip biler.

Geçen ýylyň mart aýynda Gazagystanyň Russiýadaky ilçisi Dauren Abaýew RIA Nowosti agentligine beren interwýusynda Siriýanyň çäginde takmynan 30 gazagystanlynyň galýandygyny aýdypdy. “Olaryň köpüsi watanyna dolanmagy meýilleşdirmeýär. Käbirleri Siriýa raýatlygy alyp, şol ýerde hemişelik ýaşamak isleýär” diýip, ilçi aýtdy.

Täjigistanyň ýörite gullugyndaky bir çeşme Asadyň režimi ýykylandan soň Siriýada şol döwürde takmynan 400 täjigiň bolandygyny habar berdi.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň öňki başlygynyň birinji orunbasary Artur Medetbekowyň pikirine görä, häzirki wagtda Siriýada takmynan 200–300 gyrgyz söweşijisi bar.

2013-nji ýylda Facebook-da ýerleşdirilen, Siriýada söweşýän we daş keşbi boýunça Merkezi Aziýadan bolan adamlara meňzeýän söweşijileriň suraty

Merkezi Aziýaly söweşijilerine näme garaşýar?

2025-nji ýylyň iýunynda Amerikanyň The New York Times gazetiniň žurnalistleri Siriýadaky birnäçe daşary ýurtly söweşiji bilen söhbetdeş boldy. Olar Siriýany terk etmegi meýilleşdirmeýändiklerini aýtdylar. Käbirleri siriýaly aýallar bilen durmuş gurup, maşgalaly boldylar we Asad agdarylandan soň öz bizneslerini açdylar. Köpüsine öz ýurtlaryna dolanan ýagdaýynda uzak möhletli türme jezasy howp salýar, şonuň üçin olaryň köpüsi Siriýa raýatlygyny almaga çalyşýar.

Merkezi Aziýaly söweşijiler täze sistema goşulyp bilmese, duzaga düşerler: Siriýadaky täze häkimiýete boýun egmezlik türme bilen, watana dolanmak hem türme bilen gutaryp biler. Emma bu çykgynsyz ýagdaý olaryň daşary ýurda söweşmäge gitmek bilen özleriniň eden saýlawynyň netijesidir.

Artur Medetbekow

“Eger Siriýa häkimiýetleri olaryň [Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan söweşijileriň] häzirki häkimiýete garşy hökümete garşy hereketlere gatnaşýandygyny ýa-da ýol berilmesiz hasap edilýän jenaýatlary edýändigini anyklasa, olar öz ýurtlaryna deportasiýa ediler. Elbetde, gelen badyna olaryň hemmesi sorag ediler, şeýle diýilýän ‘filtrden’ geçiriler, we eger terrorçylykly guramalar bilen baglanyşyklary tassyklansa, olar awtomatiki ýagdaýda jenaýat jogapkärçiligine çekiler. Olar agyr jeza alarlar. Kim bolsalar-da. Möhletler örän uzyn” diýip, Medetbekow belleýär.

Siriýanyň täze häkimiýetleri radikallaşan daşary ýurtlulary howpsuzlyk üçin çynlakaý howp hökmünde görýär. Olar jihadçy garaýyşlardan has ortaça syýasata we pragmatiki çemeleşmä geçmäge päsgelçilik döredýär diýip hasaplanýar.

“[Siriýanyň häkimiýetleri] dünýä jemgyýetçiligine dini esasda döwlet gurup bolýandygyny görkezmek isleýär. Eger Siriýa daşary we içerki syýasatda üstünlik gazansa, onda sanksiyalar ýeňlediler we halkara guramalardan belli bir derejede kömek gelip başlar” diýip, Medetbekow aýdýar.

Maý aýynyň başynda Idlibde özbek söweşijilerine garşy geçirilen reýd soňky aýlarda daşary ýurtlulara garşy geçirilen ilkinji operasiýa däldi. Geçen ýylyň oktýabrynda täze häkimiýetlere tabyn Siriýa howpsuzlyk güýçleri fransuz söweşijileriniň “Firkat al-Guraba” (“Daşary ýurtlular brigadasy”) toparyna garşy operasiýa geçirdi. Bu topara senegal gelip çykyşly we Fransiýanyň raýaty bolan Omar Diabi ýolbaşçylyk edýärdi, ol Omar Omsen ady bilen tanalýardy.

“Öň söweşiji bolan, hemişe adam öldüren, talaňçylyk eden adamlar kanuna boýun egýän raýat bolmazlar we häzirki häkimiýetleriň öňe sürýän kadalaryny hem-de talaplaryny ýerine ýetirmezler. Şeýle adamlar kem-kemden ýa öz ýurtlaryna iberiler, ýa türmä basylar, ýa-da olar barada ýok edilmegine çenli baryp ýetýän kararlar kabul ediler” diýip, Artur Medetbekow jemleýär.