Ysraýyl delegasiýasy 13-nji fewralda Ysraýyl-Hamas urşuny togtatmak üçin Kairde geçirilýän gepleşikleri terk etdi diýip, Ysraýyl we ABŞ habar beriş serişdeleri habar berdi.
Ysraýylyň aňtaw gullugynyň başlygy Deýwid Barnea Merkezi aňtaw gullugynyň müdiri William Burns bilen Kataryň araçylyk etmeginde Gazadaky söweşleri wagtlaýyn togtatmak baradaky meýilnama barada gepleşmek üçin müsür paýtagtynda duşuşdy.
Kataryň premýer-ministriniň we müsürli resmileriň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikler Ysraýylyň günortadaky Rafa şäherinde, ýarpydan gowrak ilaty gaçan territoriýada giň gerimli harby çärelerini dowam etdirmezinden öň, iki tarapyň arasyndaky ýaraşygy üpjün etmek üçin güýçlendirilen tagallalaryň bir bölegi boldy.