Moskwa bilen Kiýew ýene-de uruş ýesirlerini alyşdy

Russiýa bilen Ukraina 31-nji ýanwarda ýene bir tapgyr uruş ýesirlerini alyşdy, Kiýew bu gezekki çärede 207 ukrain uruş ýesiriniň azat edilendigini aýtdy.

Russiýa, ýesirlikden boşadylan ukrain esgerleriniň deregine, 195 sany rus esgeriniň uruş ýesirliginden azat edilendigini aýtdy.

Uruş ýesirleriniň bu gezekki alyş-çalşygy başda bir hepde öň, 24-nji ýanwarda geçirilmelidi. Emma Russiýa şol gün Ukrainany serhet ýakasyndaky Belgorod sebitinde heläkçilige uçran rus harby ýük uçaryny urup ýykmakda günäkärledi we onuň üstündäki 74 adamyň, şol sanda rus ýesirleriniň deregine azat edilmeli 65 ukrainalynyň ählisiniň ölendigini aýtdy.

Russiýanyň bu uçarda ukrain uruş ýesirleriniň bolandygy ýa-da uçaryň ukrain raketasy bilen urlandygy barada aýdýanlaryna Kiýew tarapyndan göni tassyknama berilmedi.