Moskwa kazyýeti Vibere, Telegrama jerime saldy

Bezeg suraty

Moskwa kazyýeti Vibere we Telegrama Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşy baradaky maglumatlary öçürmändigi üçin jerime saldy.

Rus paýtagtyndaky kazyýet 20-nji iýunda geçirilen aýry-aýry diňlenişiklerde Telegramyň we Viberiň Ukrainadaky uruş barada beren "ýalan maglumatlaryny" bozmandygy üçin degişlilikde 4 million rubl (47,600 dollar) we 1 million rubl (11,900 dollar) möçberinde jerime tölemegi barada karar çykardy.

Sosial media platformalaryna garşy çykarylan jerime hökümleri Russiýanyň internet baradaky kanunlaryna gulak asylmaýandygy baradaky aýyplama bilen Google, Facebook, Twitter, WhatsApp, Telegram we TikTok ýaly ulgamlara garşy çykarylan kararlaryň häzirlikçe iň soňkusy bolup durýar.